Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ypq sorag 5 sah. 15—17
  • Mekdepde maňa azar berseler näme?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mekdepde maňa azar berseler näme?
  • Ýaşlary gyzyklandyrýan 10 soragyň jogaby
  • Meňzeş maglumat
  • Maňa azar berseler näme?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Azar berenlerinde Ýehowa bil bagla
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Azar berseler özümi nädip goramaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Ýaşlary gyzyklandyrýan 10 soragyň jogaby
ypq sorag 5 sah. 15—17
Bir oglan klasdaşyna başgalaryň ýanynda azar berýär

5-NJI SORAG

Mekdepde maňa azar berseler näme?

MUNY BILMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?

Seniň garaýşyň ýagdaýy ýa gowulandyryp, ýa-da erbetleşdirip biler.

SEN NÄME EDERDIŇ?

Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Tomasyň mekdebe gidesi gelmeýär. Ol diňe şu gün däl, ertirem, asla hiç haçan gitmek islemeýär. Bar zat üç aý mundan öň başlapdy. Klasdaşlary ol hakda ýalan zatlary ýaýratdylar, soňra her zat diýip, ony kemsidip başladylar. Käte biri onuň elinden kitaplaryny gaçyryp, soňra hiç zat bolmadyk ýaly geçip gidýärdi. Käte bolsa oglanlar onuň arkasyndan itýärdi, Tomas muny kimiň edendigini bilmeýärdi. Düýnüň özünde bolsa Tomasa «ertir mekdebe geldigiň işiň gaýtdygy biläý» diýip, SMS ýazypdyrlar.

Sen Tomasyň ýerine bolsaň näme ederdiň?

SAKLAN WE OÝLAN!

Ýagdaý çykalgasyzdyr öýtme! Sen klasdaşlaryň bilen uruşmanam, munuň hötdesinden gelip bilersiň. Nädip?

  • ÜNS BERME. Süleýmanyň tymsallary 29:11-de: «Akylsyz bütin gaharyny daşyna çykarýandyr; akyldar adam bolsa saklap oňa basalyk edýändir» diýilýär. Sen tolgunsaň-da, muny olara bildirme, özüňi rahat alyp bar. Şonda olar seni öz günüňe goýar.

  • AR ALJAK BOLMA. Rimliler 12:17-de: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň» diýilýär. Eger sen ar aljak bolsaň, ýagdaýy öňküdenem beterleşdirersiň.

  • HOWPLY ÝAGDAÝLARDAN DAŞDA DUR. Süleýmanyň tymsallary 22:3-de: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir» diýilýär. Mümkin boldugyndan, azar berýän adamlardan we kynçylyk döredip biljek ýagdaýlardan gaça dur.

  • ÝUMŞAK JOGAP BERMÄGE ÇALYŞ. Süleýmanyň tymsallary 15:1-de: «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr» diýilýär. Sen oýna salyp, jogap berip bilersiň. Meselem, saňa «çişik» diýýän bolsalar, «pökgüje bolsaň, näme armanyň bar» diýip bilersiň.

  • HIÇ ZAT DIÝME. 19 ýaşly Nora şeýle diýýär: «Hiç zat diýmeseň, bu seniň olara garanyňda, akylly-başlydygyňy, güýçlüdigiňi we özüňe erk edip bilýändigiňi görkezýär» (2 Timoteos 2:24).

  • ÖZÜŇE BOLAN YNAMYŇY ARTDYR. Köplenç özüni gowşak hasaplaýan we ýuwaş oglanlara azar berýärler. Tersine, olar seniň özüňe ynamlydygyňy görseler, saňa degmezler.

  • BIRINE GÜRRÜŇ BER. Öň mugallym bolup işlän bir aýal şeýle diýýär: «Biri size azar berýän bolsa, muny başgalara aýdyň. Şonda siz şeýle ýagdaýa uçraýan beýleki okuwçylara hem kömek edersiňiz».

Ýaş oglan azar berenlerinde, mertlik bilen garşy durýar

Özüňe bolan ynamyňy artdyrsaň, azar berýänlere garşy durup bilersiň

ŞUNY BILÝÄRDIŇMI?

Azar bermekligiň başga görnüşleri hem bar:

  • Söz bilen edilýän hüjümler edil adamyň agzyndan çykýan ot ýalydyr

    Söz bilen hüjüm edýärler. «Klasdaşlarymyň maňa dakan atlary we diýen sözleri ömürem ýadymdan çykmaz. Olar sebäpli men özümi dereksiz we hiç kime gerek däl ýaly duýýardym. Meni uran bolsalar gowy bolardy». Selina, 20 ýaşynda

  • Ýaş oglan deň-duşlaryndan goranjak bolup ýeke özi otyr

    Aralaryna sygdyrmaýarlar. «Klasdaşlarym meni çetleýärdiler. Arakesmede olar bilen naharlanjak bolanymda bolsa, meni aralaryna sygdyrmaýardylar. Men tutuş bir ýylymy aglap geçirdim, ýeke özüm aýlanyp ýörýärdim». Heýli, 18 ýaşynda

  • Bir gyz özi baradaky SMS-leri görüp, ýüregi ýarylýar

    Sen hakda ýalan zatlary ýaýradýarlar. «Kompýuteriň bary-ýogy birki düwmesine basyp, adamyň bar abraýyny ýele sowrup, hatda ömrüni-de kül edip bolýar. Bu ulaldylyp aýdylan ýaly bolup görünse-de, durmuşda şeýle ýagdaýlar bolýar». Daniýel, 14 ýaşynda

SEN NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

DOGRY ÝA-DA ÝALŇYŞ

JOGAPLARY

1 Başgalara azar berýän adamlar hemişe-de bardy.

1 Dogry. Mukaddes Ýazgylarda «nefiller» barada aýdylýar. Olaryň ady «başgalary ýykýan» diýmegi aňladýar (Gelip çykyş 6:4).

2 Azar bermeklik ýöne bir garagolluk, oňa kän bir üns bermeli däl.

2 Ýalňyş. Şeýle adamlar zerarly köp ýaşlar janyna kast edýärler.

3 Azar berenlerinde, senem gaýtargy bermeli.

3 Ýalňyş. Başgalara azar berýän adamlar köplenç güýçli bolýarlar. Şonuň üçin olara gaýtargy berseň, ýagdaýy has-da kynlaşdyrarsyň.

4 Birine azar berip duran bolsalar, görmezlige salmaly.

4 Ýalňyş. Şeýle ýagdaýda gyra çekilip durmak nädogry bolardy. Eger sen görübem hiç zat aýtmasaň, kynçylygy çözmäge kömek etmän, gaýtam, oňa şärik bolarsyň.

5 Başgalara azar berýän adamyň, adatça, özüne ynamy bolmaýar.

5 Dogry. Olaryň käbiriniň özüne gaty göwni ýetýänem bolsa, köpüsi başgalara azar bermek bilen, özüne bolan ynamyny artdyrjak bolýarlar.

6 Şeýle adamlar özgerip biler.

6 Dogry. Olara pikirini we özüni alyp barşyny özgertmäge kömek etse bolýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

  • Eger maňa azar berseler, men şeýle ederin ýa-da diýerin:

KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN

Klasdaşlaryň bilen uruşman, olara gaýtawul ber

«Gaýtawul bermän, garagollara garşy dur!» atly janlandyrylan suratly wideony görüp bilersiň. (www.jw.org/tk saýtyna girip, TAGLYMATLAR > ÝETGINJEKLER diýen bölümi saýla)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş