Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 5 sah. 18—sah. 19 abz. 5
  • Nuhuň ýasan gämisi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nuhuň ýasan gämisi
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Nuh gämi gurýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Nuhuň tupany. Kim gulak asdy, kim asmady?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
  • «Ol Hudaýyň huzurynda gezdi»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Sekiz adam halas boldy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 5 sah. 18—sah. 19 abz. 5
Nuh maşgalasy bilen gämi gurýar

5-NJI SAPAK

Nuhuň ýasan gämisi

Ýer ýüzünde adamlar gün-günden köpelýärdi. Olaryň köpüsi erbet işleri edýärdi. Käbir perişdeler hem erbet işleri etdiler. Olar ýere düşüp, ýaşap başladylar. Bilýäňmi, näme üçin? Olar owadan gyzlara öýlenmek islediler. Munuň üçin perişdeler adama öwrüldiler.

Soňra şol perişdeleriň ogullary boldy. Olaryň çagalary uzyn boýly we örän güýçli adam bolup ýetişdi. Olar adamlary urýardylar, sögýärdiler. Ýehowanyň olara gahary geldi. Şonuň üçinem güýçli ýagyş ýagdyryp, erbet adamlary ýok etjekdigini aýtdy.

Nuh maşgalasy bilen gämi gurýar; olar nahar bişirýär

Şol döwürde bir gowy adamam bardy. Onuň ady Nuh. Ol Ýehowany söýýärdi. Onuň aýaly, üç ogly we gelinleri bardy. Ogullarynyň ady Sam, Ham, Ýafet. Ýehowa Nuha ullakan gämi ýasa diýdi. Gämi suwuň ýüzünde ýüzmelidi. Ýagyş ýagyp başlanda olar gämä girmelidi. Nuh gämä haýwanlary hem salmalydy. Ýehowa haýwanlary hem halas etmek isleýärdi.

Nuh maşgalasy bilen gämini 50 ýyllap ýasady. Olar hemme zady Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdiler. Nuh başga adamlaryň hem halas bolmagyny isleýärdi. Şonuň üçin: «Ýehowa ýagyş ýagdyrjak bolýar, gämä giriň» diýýärdi. Ýöne oňa hiç kim gulak asmady.

Gämä girmeli wagt hem ýetip geldi. Soňra näme boldy? Ony indiki sapakdan bileris.

«Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan ogly gelende-de şeýle bolar» (Matta 24:37).

Soraglar: Ýehowa näme üçin ýagyş ýagdyrjak bolýar? Ýehowa Nuha näme tabşyrdy?

1 Musa 6:1—22; Matta 24:37—41; 2 Petrus 2:5; Ýahuda 6

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş