Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 36 sah. 88—sah. 89 abz. 1
  • Ýeftah söz berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýeftah söz berýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Ýeftahyň beren sözi
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ol kakasyny we Ýehowany begendirdi
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Ýehowa özüne wepaly adamlary sylaglaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýeftah Ýehowa wepalydy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 36 sah. 88—sah. 89 abz. 1
Gyzy garşylamaga çykanda, Ýeftah ýakasyny ýyrtýar

36-NJY SAPAK

Ýeftah söz berýär

Ysraýyllar ýene Ýehowa gulak asmadylar. Olar butlara sežde edip başladylar. Bir gezek ammonlar ysraýyllaryň üstüne çozdy. Şonda butlar ysraýyllara kömek edip bilmedi. Ammonlar köp ýyllap ysraýyllara azar berdi. Ysraýyllaryň ýagdaýy erbetdi. Şonuň üçin olar Ýehowa: «Biz günä etdik. Bizi duşmanlarymyzdan halas et» diýip ýalbardylar. Ysraýyllar butlaryny döwüp ýok etdiler. Soňra ýene Ýehowa sežde edip başladylar. Ýehowa hem ysraýyllara kömek etmek isledi.

Ýehowa Ýeftah atly bir adamy saýlady. Ol güýçli we ökde esgerdi. Ýeftah ammonlar bilen söweşmelidi. Ol Ýehowa şeýle diýýär: «Duşmanlarymy ýeňmäge kömek et. Öýüme gelenimde öňümden kim birinji çyksa, ony saňa bererin. Ol seniň öýüňde gulluk eder. Saňa söz berýärin». Ýehowa Ýeftahyň dilegine jogap berdi. Oňa ammonlary ýeňmäge kömek etdi.

Söweş gutaransoň, Ýeftah öýüne geldi. Onuň öňünden gyzy çykdy. Ýeftahyň başga çagasy ýokdy. Gyzy tans edip, deprek kakyp kakasyny garşy aldy. Şonda Ýeftahyň Ýehowa beren sözi ýadyna düşdi. Ol: «Wah, gyzym! Sen ýüregimi para-para etdiň. Sen indi Şilodaky çadyrda gulluk etmeli bolarsyň. Men Ýehowa söz berdim» diýdi. Gyzy: «Kakam jan, Ýehowa söz beren bolsaň, sözüňde-de durmaly bolarsyň. Ýöne gitmänkäm, joralarym bilen iki aý dagda bolaýyn» diýdi. Şeýdip, Ýeftahyň gyzy çadyrda bütin ömrüne Ýehowa gulluk etdi. Her ýyl joralary ony görmäge Şilo barýardy.

Ýeftahyň gyzynyň joralary her ýyl çadyra ony görmäge gelýär

«Kim ogluny ýa gyzyny menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir» (Matta 10:37).

Soraglar: Ýeftah Ýehowa näme söz berdi? Gyzy kakasyna näme diýdi we näme etdi?

Serdarlar 10:6—11:11, 29—40; 1 Şamuwel 12:10, 11

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş