Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 55 sah. 132
  • Ýehowanyň perişdesi Hizkiýany goraýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň perişdesi Hizkiýany goraýar
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý Hizkiýa patyşa kömek edýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Şu günler ýedi çopan we sekiz serdar kimleri aňladýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • «Gorkma, men saňa kömek ederin»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Hizkiýanyň imany sylaglandy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 55 sah. 132
Perişde assiriýaly esgerlere hüjüm edýär

55-NJI SAPAK

Ýehowanyň perişdesi Hizkiýany goraýar

Assiriýanyň patyşasy Sanherip on taýpaly Ysraýyl patyşalygyny basyp aldy. Indi ol iki taýpaly Ýahuda patyşalygyny hem basyp aljak bolýar. Şonuň üçin Ýahudanyň şäherlerine ýeke-ýekeden çozup başlaýar. Sanherip hasam Iýerusalim şäherini basyp almak isleýärdi. Ýöne Iýerusalimi Ýehowa goraýardy. Sanherip ony bilmeýärdi.

Ýahudanyň patyşasy Hizkiýa Iýerusalimi gorajak bolýardy. Ol Sanherip patyşa köp pul berýär. Sanherip patyşa pul alsa-da, Iýerusalime çozýar. Olaryň üstüne uly goşunyny iberýär. Güýçli goşun Iýerusalime ýetip gelýärdi. Adamlar gaty gorkýardy. Ýöne Hizkiýa patyşa halka: «Assiriýalylar güýçli bolsa-da gorkmaň. Ýehowa bizi olardan hem güýçli eder» diýýär.

Sanherip patyşa baş şerapçyny Iýerusalime iberýär. Şol döwürde baş şerapça Rabşak diýilýärdi. Ol baryp halkyň üstünden gülmelidi. Rabşak Iýerusalim şäheriniň daşynda durup: «Ýehowa kömek edip bilmez. Hizkiýa ynanmaň. Sizi halas etmäge hiç kimiň güýji ýetmez» diýýär.

Hizkiýa näme etjegini bilmän, Ýehowadan kömek soraýar. Ýehowa oňa: «Rabşagyň aýdanlaryna üns berme, ondan gorkma. Sanherip Iýerusalimi basyp almaz» diýýär. Soňra Sanherip patyşa Hizkiýa hat ýazýar. Ol: «Bize boýun egiň. Ýehowa sizi gorap bilmez» diýýär. Hizkiýa: «Ýehowa, ýalbarýaryn, bizi gora. Goý, hemmeler seniň hak Hudaýdygyňy bilsin» diýip dileg edýär. Ýehowa: «Assiriýanyň patyşasy Iýerusalime girmez. Men şäheri goraryn» diýip jogap berýär.

Sanherip patyşanyň goşuny şäheri gabaýar. Ol Iýerusalimi basyp alaryn öýdýärdi. Ýöne bir gün agşam Ýehowa perişdesini iberýär. Bir perişde 185 000 esgeri öldürýär. Sanherip patyşanyň güýçli esgerleri ölýär. Onuň indi güýçli goşuny ýok. Ýeke özi hem hiç zat edip bilmeýär. Şonuň üçin öýüne gidýär. Ýehowa söz berişi ýaly, Hizkiýany we Iýerusalim şäherini goraýar. Şol wagt senem Iýerusalimde bolan bolsaň, näme ederdiň? Ýehowanyň gorajagyna ynanardyňmy?

«Ýehowanyň perişdesi hudaýhonlary goraýar, olary halas edýär» (Zebur 34:7).

Soraglar: Ýehowa Iýerusalimi nädip gorady? Ýehowa senem gorarmy?

2 Patyşalar 17:1—6; 18:13—37; 19:1—37; 2 Taryh 32:1—23

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş