67-NJI SAPAK
Iýerusalimiň diwarlary
Hydyryň ýaşan döwründe bir gowy adam bardy. Onuň ady Nehemýa. Nehemýa ysraýyllydy. Ol parslaryň Şuşan şäherinde ýaşaýardy. Ol Ardaşir patyşa hyzmat edýärdi. Bir gezek Ýahudadan bir adam gelýär. Ol Nehemýa: «Iýerusalim şäheriniň diwarlary we derwezeleri ýok. Olary wawilonlylar ýykypdy. Adamlar gorkup ýaşaýar» diýip habar getirýär. Nehemýa muny eşidip gaty gynanýar. Onuň Iýerusalime gidip, kömek edesi gelýär. Şonuň üçin: «Patyşa meni goýbersin!» diýip, Ýehowa doga edýär.
Patyşa Nehemýanyň gynanýandygyny görýär. Ol: «Nehemýa, keýpiň ýok-la, bir zady alada edýäňmi?» diýýär. Nehemýa: «Patyşahym, Iýerusalim şäheri ýykylyp ýatyr, şoňa gynanýan» diýýär. Patyşa: «Näme kömek gerek?» diýip soraýar. Nehemýa şol bada içinden doga edýär. Soňra: «Meni Iýerusalime goýberäý. Şäheriň diwarlaryny guraýyn» diýýär. Ardaşir patyşa Nehemýa gitmäge rugsat berýär. Oňa ýolda hiç kim azar bermez ýaly kömek etjekdigini aýdýar. Şeýle-de Nehemýany Ýahudanyň häkimi edip belleýär. Derwezeleri gurmak üçin oňa agaç hem berýär.
Nehemýa Iýerusalime gelensoň, diwarlary görüp çykýar. Ol ruhanylary we baştutanlary ýanyna çagyryp: «Diwarlar ýykylyp ýatyr, görer ýaly däl. Tizräk işe başlalyň» diýýär. Adamlar onuň bilen razylaşyp, diwarlary gurup başlaýar.
Duşmanlar ysraýyllaryň üstünden gülüp: «Gurýan diwaryňyza tilki bökse ýykylar» diýýär. Işçiler olara ünsem bermeýär, işini dowam edýär. Ysraýyllaryň gurýan diwary gün-günden beýgelýärdi. Hiç kim ony ýykyp bilmeýärdi.
Soňra duşmanlar: «Geliň, olaryň üstüne herimiz her tarapdan bilmän durka çozalyň» diýişýär. Ýehudylar duşmanlaryň etjek bolýan zadyny eşidip gaty gorkýar. Nehemýa: «Gorkmaň, Ýehowa bizi gorar!» diýýär. Soňra işçileri duşmandan gorar ýaly garawullary belleýär.
Şäheriň diwarlary we derwezeleri 52 günde guruldy. Halk baýramçylyk belledi. Nehemýa oňa ähli lewileri çagyrdy. Olar baýramçylykda aýdym aýtmalydylar. Nehemýa lewileri iki topara böldi. Öňki döwürde diwarlaryň üstünden ýöremek üçin ýörite ýer goýýardylar. Aýdymçylar Çeşme derwezesiniň ýokarsyna çykdylar. Bir topar sag tarapa, beýleki topar çep tarapa ýöredi. Olar surnaýlarda, bürünç çanlarda we arfalarda saz çaldylar. Ýehowa minnetdar bolup, aýdym aýtdylar. Hydyr bir topar bilen, Nehemýa bolsa beýleki topar bilen gitdi. Iki topar hem ybadathananyň öňüne bardy. Erkek adamlar, aýallar we çagalar Ýehowa gurbanlyk berdiler. Olaryň şatlygy, gülki sesleri uzaklara eşidilýärdi.
«Saňa garşy ýasalan ýarag derde ýaramaz» (Işaýa 54:17).