Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 95 sah. 222—sah. 223 abz. 1
  • Şägirtler wagyz etmegini goýmady

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şägirtler wagyz etmegini goýmady
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • «Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Türmeden boşadyldylar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Eýsem, sen kime boýun bolmaly — Hudaýamy ýa-da adamlara?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Sada we bilimsiz adamlar
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 95 sah. 222—sah. 223 abz. 1
Petrus bilen Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň öňünde gorkman wagyz etdiler

95-NJI SAPAK

Şägirtler wagyz etmegini goýmady

Bir adam her gün ybadathananyň öňünde oturyp pul dileýärdi. Ol ýöräp bilmeýärdi. Bir gün öýlän ol Petrus bilen Ýahýanyň ybadathana barýanyny görýär. Olara: «Maňa kömek edäýiň» diýýär. Petrus oňa: «Men saňa puldan hem gowy zat berjek. Isanyň adyndan saňa diýýärin, tur-da, ýöre» diýýär. Petrus onuň elinden tutup, ýerinden turuzýar. Ýöräp bilmeýän adam ilkinji ädimlerini ädip başlaýar. Ony gören adamlar haýran galýarlar. Şol gün köp adamlar Isa iman edýär.

Ruhanylaryň we saddukeýleriň şägirtlere gahary gelýär. Olar şägirtleri tutup, kazyýete eltýär. Kazyýetde olara: «Siz şu adamy kimiň güýji bilen sagaltdyňyz?» diýýärler. Petrus: «Bize Isa Mesih güýç berdi. Siz ony öldürdiňiz» diýýär. Olar şägirtlere: «Isanyň adyny agzamaň» diýip gygyrýar. Ýöne Petrus: «Isa barada aýdarys. Bizi hiç zat saklap bilmez» diýýär.

Petrus bilen Ýahýany ahyry goýberýärler. Olar şägirtleriň ýanyna gidýärler. Bolan zatlaryň ählisini gürrüň berýärler. Şägirtler bilelikde Ýehowa doga edýär. Olar: «Ýehowa, bize batyrgaýlyk ber. Wagyz etmäge kömek et» diýýärler. Ýehowa olara mukaddes ruhuny berýär. Şägirtler hem wagyz edýärler, kesel adamlary sagaldýarlar. Şeýdip, köp adamlar Isa iman edýär. Saddukeýler şägirtlere göriplik edýärdi. Şonuň üçin hem olary tutup, türmä basýarlar. Ýöne gije Ýehowa perişdesini ugradýar. Perişde türmäniň gapysyny açyp: «Baryň, ybadathana gidip wagyz ediň» diýýär.

Ertesi gün irden esgerler kazylaryň ýanyna gelýär. Olara: «Türmäniň gapysy ýapyk dur, ýöne içinde hiç kim ýok. Häzir şägirtler ybadathanada. Adamlara wagyz edip ýör» diýýärler. Soňra esgerler şägirtleri ýene tutup, kazylaryň ýanyna getirýär. Şonda baş ruhany şägirtlere: «Biz size Isa barada wagyz etmäň diýipdik» diýýär. Ýöne Petrus: «Biz adamlara däl-de, Hudaýa gulak asmaly» diýýär.

Mejlisiň agzalarynyň, ruhanylaryň, ýaşulularyň we halkyň baştutanlarynyň şägirtlere ýaman gahary gelýär. Olary öldürjek bolýarlar. Ýöne Gamaliýel atly fariseý olara maslahat berýär. Ol ýerinden turup: «Siz näme Hudaýa garşy çykjak bolýarsyňyzmy? Seresap boluň, olara Hudaý kömek edýändir» diýýär. Olar Gamaliýele gulak asýarlar. Şägirtleri gamçylap urýarlar. Soňra: «Indi wagyz edäýmäň» diýip, çykaryp goýberýärler. Ýöne şägirtler olara gulak asmaýar. Olar gorkman ýene wagyz edýärler. Şägirtler ybadathanada we adamlaryň öýüne baryp, hoş habary gürrüň berýärler.

«Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» (Resullar 5:29).

Soraglar: Şägirtler näme üçin wagyz etmegini goýmady? Ýehowa olara nädip kömek etdi?

Resullar 3:1—4:31; 5:12—42

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş