4-nji bölüm
Şu bölümde Ýusup, Eýýup, Musa we ysraýyllar hakda gürrüň berilýär. Olaryň ählisine Şeýtan topuldy. Käbirlerine adalatsyzlyk etdiler, gul edip satdylar, türmä basdylar, hatda öldürdiler. Ýöne Ýehowa dürli usullar bilen olara kömek etdi. Ene-atalar, çagalaryňyza olaryň Ýehowa nädip wepaly bolandyklaryny gürrüň beriň. Köp kynçylyk görselerem, imanda berk durandygyny düşündiriň.
Ýehowa müsürlilere on jeza berdi. Şeýdip, älem-jahanda güýçli Hudaýdygyny görkezdi. Çagalaryňyza Ýehowanyň halkyny öňem, häzirem goraýandygyny öwrediň.