56-NJY AÝDYM
Hakykata ýürekden ýapyş
1. Hakykat ýoly — iň gowy durmuş ýoly,
Saýlamaly her kimiň özi.
Hudaý görkezýär hemişe dogry ýoly,
Hakykatdyr her bir sözi.
GAÝTALAMA:
Ýöre hak ýoldan,
Ýaşa hakykat bilen.
Egsilmez şatlyk
Berer Ýehowa,
Ýöre diňe hak ýoldan.
2. Berseň güýjüňi, wagtyňy, bar zadyňy,
Hudaý unutmaz hiç birini.
Tizden Jennetde ýetirer arzuwyňa,
Gysganmaz berekedini.
GAÝTALAMA:
Ýöre hak ýoldan,
Ýaşa hakykat bilen.
Egsilmez şatlyk
Berer Ýehowa,
Ýöre diňe hak ýoldan.
3. Her bir mesihçä käte gerek maslahat,
Biz mätäç kömek hem goldawa.
Ýöräp ýolundan her gün ederis hyzmat,
Bereket berer Ýehowa.
GAÝTALAMA:
Ýöre hak ýoldan,
Ýaşa hakykat bilen.
Egsilmez şatlyk
Berer Ýehowa,
Ýöre diňe hak ýoldan.
(Serediň: Zeb. 26:3; Nak. 8:35; 15:31; Ýah. 8:31, 32)