61-NJI ADYM
Şaýatlar, öňe!
1. Hudaýyň halky dünýäniň soňunda
Batyr hem dogumly wagyz edýär günde.
Şeýtan topulsa-da gazaply,
Barýarlar Hudaý bilen öňe batly.
GAÝTALAMA:
Hudaýyň Şaýatlary arslan ýürekli.
Ýehowa gulluk ediň, boluň dogumly!
Ähli ýerde aýdyň tizden bolar Jennet,
Ýeriň ýüzüne ýagar bereket.
2. Ýahyň esgeri bakmaz aňsadyna,
Ysnat getirmez Ýehowanyň adyna.
Wepaly bolar ähli zatda,
Hiç eglişik etmez günäli zatda.
GAÝTALAMA:
Hudaýyň Şaýatlary arslan ýürekli.
Ýehowa gulluk ediň, boluň dogumly!
Ähli ýerde aýdyň tizden bolar Jennet,
Ýeriň ýüzüne ýagar bereket.
3. Hoş habary diňlemeýär köp adam,
Hudaýyň adyna dil ýetirýär mydam.
Ynanmalyň ýalan töhmete,
Ýahy tanadalyň ähli millete.
GAÝTALAMA:
Hudaýyň Şaýatlary arslan ýürekli.
Ýehowa gulluk ediň, boluň dogumly!
Ähli ýerde aýdyň tizden bolar Jennet,
Ýeriň ýüzüne ýagar bereket.
(Serediň: 2 Mus. 9:16; Flp. 1:7; 2 Tim. 2:3, 4; Ýak. 1:27)