67-NJI AÝDYM
«Hudaýyň Sözüni wagyz et»
1. Ýehowa tabşyryk berdi,
Goldawy, kömegi wada berdi.
Wagyz edip her bir ynsana,
Aýt umydyň barada sorana.
GAÝTALAMA:
Hoş habary
Goý, eşitsin hemmeler.
Wagyz et,
Dünýäniň soňy geler.
Wagyz et,
Pespäl adam seslener.
Wagyz et,
Ýah begener.
2. Synaglar bolsa-da uzak,
Duşman gursa-da her hili duzak,
Gorkma adamlaryň gepinden,
Berk ýapyş Ýehowanyň elinden.
GAÝTALAMA:
Hoş habary
Goý, eşitsin hemmeler.
Wagyz et,
Dünýäniň soňy geler.
Wagyz et,
Pespäl adam seslener.
Wagyz et,
Ýah begener.
3. Tizden şatlanar göwünler,
Azaldy wagt, gelýär gowy günler.
Dünýäniň soňy golaýlaşýar,
Beýik Hudaýyň ady beýgelýär.
GAÝTALAMA:
Hoş habary
Goý, eşitsin hemmeler.
Wagyz et,
Dünýäniň soňy geler.
Wagyz et,
Pespäl adam seslener.
Wagyz et,
Ýah begener.
(Serediň: Mat. 10:7; 24:14; Res. 10:42; 1 Pet. 3:15)