102-NJI AÝDYM
«Ejizlere kömek edeliň»
Çap edilen görnüşi
1. Biz bikämil hem gowşak,
Ählimiz ejiz.
Ýöne Ýehowa üçin
Hemmämiz eziz.
Atamyz rehimdar,
Mähirli Hökümdar.
Geliň, bizem söýeliň,
Kömek edeliň.
2. Doganlar mert bolsa-da,
Ýüregi dertli.
Ruhlanar hem galkynar,
Bersek teselli.
Hudaý söýýär bizi,
Berkidýär ejizi.
Geliň, bolalyň syrdaş,
Dökmesin gözýaş.
3. Ejize örän gerek
Bir dertdeş ýürek.
Hiç haçan tankytlaman,
Edeliň kömek.
Ýakyn dost bolalyň,
Ýadaman goldalyň.
Bereris köp teselli,
Bolsak mähirli.
(Serediň: Işa. 35:3, 4; 2 Kor. 11:29; Gal. 6:2)