Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • scl sah. 68—71
  • Maslahat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maslahat
  • Mukaddes Kitapdan maslahatlar
Mukaddes Kitapdan maslahatlar
scl sah. 68—71

Maslahat

Maslahaty kabul etmek

Näme üçin Mukaddes Kitapdan maslahat gözlemeli?

Zb 32:8; Nak 15:22; 19:20; 20:18

Serediň: Nak 11:14; Işa 28:29; Ýer 32:19

Näme üçin özüňi aklanyňdan maslahaty kabul edeniň gowy?

Nak 12:15; 29:1

Serediň: Nak 1:23—31; 15:31

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 15:3, 9—23. Şamuwel pygamber Şawul patyşa ýalňyşyny aýdanda, ol özüni aklap, maslahaty kabul etmedi. Şeýdip, Hudaýa garşy çykdy.

    • 2Tr 25:14—16, 27. Ýehowanyň pygamberi Amazýa patyşa ýalňyşyny aýdanda, ol pygamberi diňlemedi. Şonuň üçin Ýehowa ondan ýüz öwürdi.

Maslahat berýän jogapkär doganlara näme üçin gulak asmaly?

1Sl 5:12; 1Tm 5:17; Ýew 13:7, 17

  • Mukaddes Kitapdan mysal:

    • 3Ýh 9, 10. Ýaşy bir çene ýeten Ýahýa resul Diýotrefi ýygnakdaky jogapkär doganlara hormat goýmandygy üçin ýazgardy.

Näme üçin gartaşanlara gulak asmaly?

3Ms 19:32; Nak 16:31

Serediň: Eýp 12:12; 32:7; Tit 2:3—5

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 23:16—18. Dawut özünden 30 ýaş uly Ýonatanyň maslahatyna eýerip, janyny halas etdi.

    • 1Pa 12:1—17. Rehobam patyşa ýaşulularyň maslahatyna eýermän, deň-duşlaryna gulak asandygy üçin betbagtçylyga uçrady.

Ýehowa wepaly gulluk edýän gelin-gyzlaram, ýaşlaram gowy maslahatlary berip bilýär

Eýp 32:6, 9, 10; Nak 31:1, 10, 26; Nes 4:13

Serediň: Zb 119:100

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 25:14—35. Abygaýyl Dawut patyşa maslahat berip, köp adamlaryň janyny halas edýär we ony nähak gan dökmekden saklaýar.

    • 2Şm 20:15—22. Abyl şäherindäki paýhasly aýalyň maslahaty tutuş şäheriň ilatyny halas etdi.

    • 2Pa 5:1—14. Ysraýyl gyzjagazynyň beren maslahaty at-abraýly goşunbaşyny heýwere keselinden sagaltdy.

Ýehowa hormat goýmaýan we Mukaddes Kitabyň gadyryny bilmeýän adamlaryň maslahatyny näme üçin diňlemeli däl?

Zb 1:1; Nak 4:14

Serediň: Luk 6:39

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Tr 10:13, 14. Şawul patyşa Ýehowa biwepalyk edip, jadygöý aýaldan maslahat sorany üçin janyndan mahrum boldy.

    • 2Tr 22:2—5, 9. Ahazýa ýaman ýaranlaryň maslahatyna gulak asandygy üçin heläkçilige uçrady.

    • Eýp 21:7, 14—16. Eýýup Ýehowa hormat goýmaýan adamlaryň garaýşyny kabul etmedi.

Maslahat bermek

Maslahat bermezden öň näme üçin iki tarapy hem ünsli diňlemeli we ähli ýagdaýy göz öňüne tutmaly?

Nak 18:13, 17

Serediň: Nak 25:8

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 1:9—16. Baş ruhany Aly Hannanyň ýagdaýyna düşünmän içgilidir öýdüp, oňa howlukmaç maslahat berdi.

    • Mat 16:21—23. Petrus resul ýagdaýy doly bilmän Isa maslahat berýär. Onuň beren maslahaty Ýehowanyň däl-de, Şeýtanyň islegine laýyk gelýärdi.

Maslahat bermezden öň näme üçin Ýehowadan kömek sorap doga etmeli?

Zb 32:8; 73:23, 24; Nak 3:5, 6

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Ms 3:13—18. Musa pygamber ysraýyllara kömek etmek üçin näme etmelidigini Ýehowadan sorady.

    • 1Pa 3:5—12. Süleýman patyşa özüne bil baglaman, Ýehowadan akyldarlyk sorady. Şeýdip, ol Allanyň köp bereketlerine eýe boldy.

Biziň berýän maslahatymyz näme üçin Mukaddes Kitaba esaslanmaly?

Zb 119:24, 105; Nak 19:21; 2Tm 3:16, 17

Serediň: 5Ms 17:18—20

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Mat 4:1—11. Şeýtan Isany synanda, ol öz düşünjesine görä däl-de, Hudaýyň Sözüne esaslanyp jogap berdi.

    • Ýah 12:49, 50. Isa hemişe adamlara Atasy Ýehowadan öwrenen zadyny aýdýardy.

Näme üçin maslahat berenimizde ýumşak bolmaly we ýerlikli bolsa adamy ýürekden öwmeli?

Gal 6:1; Kol 3:12

Serediň: Işa 9:6; 42:1—3; Mat 11:28, 29

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Tr 19:2, 3. Ýehowa pygamberi arkaly Ýehoşapat patyşa käýese-de, eden ýagşy işleri üçin öwýär.

    • Ylh 2:1—4, 8, 9, 12—14, 18—20. Isa käbir ýygnaklara maslahat bermezden öň, olary öwdi.

Bir dogan başga bir doganyň aldandygyny ýa-da töhmet atandygyny aýdýar. Şeýle ýagdaýda näme üçin oňa ikiçäk gepleşmegi maslahat bermeli?

Mat 18:15—17; Luk 17:3

Serediň: 3Ms 19:17

Mesihçiniň göwnüne deglende ony rehimdar, sabyrly we geçirimli bolmaga nädip höweslendirmeli?

Mat 18:21, 22; Mar 11:25; Luk 6:36; Efs 4:32; Kol 3:13

Serediň: Mat 6:14; 1Kr 6:1—8; 1Pe 3:8, 9

  • Mukaddes Kitapdan mysal:

    • Mat 18:23—35. Isa bagyşlamagyň wajypdygyny aýdyň mysal arkaly düşündirdi.

Ýehowanyň kada-kanunlary berjaý ediler ýaly näme üçin maslahat bermäge çekinmeli däl?

Zb 141:5; Nak 17:10; 2Kr 7:8—11

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 15:23—29. Şamuwel pygamber Şawul patyşadan gorkman maslahat berdi.

    • 1Pa 22:19—28. Ahap patyşa zalym bolsa-da, Mikhaý pygamber gorkman höküm habaryny aýtdy.

Maslahat bereniňde adamy ruhdan düşürmez ýaly näme etmeli?

Ýew 12:11—13

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Luk 22:31—34. Petrus ýalňyşsa-da, Isa onuň düzeljekdigine we gelejekde imandaşlaryna kömek etjekdigine ynanýardy.

    • Flm 21. Pawlus resul Filimunyň maslahata gulak asjakdygyna ynanýardy.

Biz aladaly ýa-da ruhdan düşen adama maslahat berenimizde, ýumşak bolmak üçin näme etmeli?

Kol 3:12; Ýak 5:14—16; 1Pe 3:8

Günä eden adama kömek etmek we ruhy taýdan berkitmek isleýändigimizi nädip görkezip bileris?

Gal 6:1; Efs 4:32

Maslahat berilýän adamyň ýaşyna we jynsyna garamazdan, oňa hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

1Tm 5:1, 2

Adama gaýta-gaýta maslahat berilse-de gulak asmasa, ýaşulular näme üçin oňa berk çäre görmeli?

1Kr 5:9, 11, 13; 1Tm 5:20; Tit 3:10

Serediň: «Ýygnakdan çykarylmak»

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş