Ýürek
Mukaddes Kitapda ýürek diýlende adamyň içki dünýäsi, pikirleri, niýeti, häsiýetleri we duýgulary göz öňünde tutulýar
Zb 49:3; Nak 16:9; Luk 5:22; Res 2:26
Mukaddes Kitapdan mysal:
Luk 9:46—48. Resullar kimiň uludygy barada jedelleşende, Isa olara käýedi.
Biz näme üçin ýüregimizi goramaly?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Ms 6:5—7. Hudaý adamlaryň oý-pikirleriniň erbet bolandygy üçin bütin dünýäni Tupan bilen ýok etdi.
1Pa 11:1—10. Süleýman patyşa ýüregini goramandygy üçin başga milletli aýallara öýlenip, Ýehowadan daşlaşdy.
Mar 7:18—23. Isa erbet höwesleriň adamyň ýüreginden çykyp, Hudaýyň ýigrenýän işlerini etmäge iterýändigini aýtdy.
Ýüregimizi goramak üçin näme etmeli?
Zb 19:14; Nak 3:3—6; Luk 21:34; Flp 4:8
Serediň: Hyd 7:8—10; Zb 119:11
Mukaddes Kitapdan mysal:
Efs 6:14—18; 1Sl 5:8. Sowut esgeriň ýüregini goraýar. Edil şonuň ýaly, dogruçyllyk, iman we söýgi ýaly häsiýetler göçme manydaky ýüregimizi goraýar.
Ýüregimizde erbet pikirleriň bardygyny nädip bilmeli?
Serediň: Nak 6:12—14
Mukaddes Kitapdan mysallar:
2Tr 25:1, 2, 17—27. Amazýa patyşa dogry işleri etse-de, Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk etmeýärdi. Şonuň üçin ol tekepbir bolup, biwepalyk edýär we eden etmişini egni bilen çekýär.
Mat 7:17—20. Isa erbet agajyň erbet miwe berişi ýaly, erbet adamyň hem erbet işleri edýändigini aýtdy.
Biz näme üçin ýüregimizi ýagşy zatlardan doldurmaly we muny nädip etmeli?
Serediň: Zb 119:97, 104; Rim 12:9—16; 1Tm 1:5
Mukaddes Kitapdan mysallar:
2Pa 20:1—6. Hizkiýa Ýehowa Hudaýa ýürekden gulluk etdi; ol agyr keselläp ölüm ýassygynda ýatanda, Hudaýa ýalbaryp kömek sorady.
Mat 21:28—32. Isa adamyň ýüreginiň nähilidigini aýdýan sözlerinden däl-de, edýän işlerinden bilip bolýandygyny düşündirdi.
Ýehowanyň ýüregimizi barlaýandygyny bilmek näme üçin göwünlik berýär?
Serediň: 1Şm 2:3
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Şm 16:1—13. Şamuwel pygamber Ýehowanyň adamyň daş keşbine däl-de, ýüregine seredýändigine düşündi.
2Tr 6:28—31. Süleýman patyşanyň ybadathananyň açylyşynda eden dogasyndan Ýehowanyň ýüregimizi görýändigini we kömek etmek isleýändigini bilýäris.