Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • scl sah. 50—52
  • Gulak asmak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gulak asmak
  • Mukaddes Kitapdan maslahatlar
Mukaddes Kitapdan maslahatlar
scl sah. 50—52

Gulak asmak

Hudaýa gulak asmak näme üçin wajyp?

2Ms 19:5; 5Ms 10:12, 13; Nes 12:13; Ýak 1:22

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Şm 15:17—23. Şamuwel pygamber Şawuly Ýehowa gulak asmandygy üçin ýazgardy we Hudaýa gulak asmagyň wajypdygyny düşündirdi.

    • Ýew 5:7—10. Isa gökde wagty hemişe Atasyna gulak asýardy. Ýer ýüzüne gelende bolsa görgi görüp, gulak asmagy öwrendi.

Hökümet işgärleri mesihçilerden Hudaýyň kanunyna garşy gelýän zatlary etmegi talap etse näme etmeli?

Res 5:29

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Dan 3:13—18. Üç ýewreý ýigidiň janyna howp abansa-da, olar Nawuhodonosoryň ýasan heýkeline sežde etmediler.

    • Mat 22:15—22. Isa şägirtlerine hökümetiň kanunlary Ýehowanyň kanunlaryna garşy gelmese, olara gulak asmalydygyny aýtdy.

    • Res 4:18—31. Ygtyýarly adamlar resullara wagyz etmegi gadagan etseler-de, olar gorkman hoş habary wagyz etdiler.

Ýehowanyň tabşyryklaryna gulak asmak üçin näme etmeli?

5Ms 6:1—5; Zb 112:1; 1Ýh 5:2, 3

Serediň: Zb 119:11, 112; Rim 6:17

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Hyd 7:7—10. Hydyr ruhany Ýehowanyň kanunyna gulak asmagy we ony halka öwretmegi ýüregine düwdi.

    • Ýah 14:31. Isa Atasy Ýehowa näme üçin gulak asýandygy aýtdy.

Biz Ýehowa we Isa Mesihe näme üçin gulak asýarys?

Ýah 14:21; 1Ýh 2:5; 2Ýh 6

Hudaýa gulak asmak bilen iman etmegiň nähili baglanyşygy bar?

Rim 1:5; 10:16, 17; Ýak 2:20—23

Serediň: 5Ms 9:23

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 6:9—22; Ýew 11:7. Nuh gämini Ýehowanyň aýdyşy ýaly gurup, Hudaýa iman edýändigini görkezdi.

    • Ýew 11:8, 9, 17. Ybraýym Hudaýa iman edýändigi üçin diňe bir Ur şäherinden gaýtman, eýsem ogluny hem gurban berjek boldy.

Ýehowa gulak asýan adamlara nähili bereketleri berýär?

Ýer 7:23; Mat 7:21; 1Ýh 3:22

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 3Ms 26:3—6. Ýehowa gulak asýan adamlaryň aladasyny etjekdigini we olary sylaglajakdygyny aýtdy.

    • 4Ms 13:30, 31; 14:22—24. Kalep Ýehowa gulak asyp, köp bereket aldy.

Gulak asmazlygyň netijesi nähili bolýar?

Rim 5:19; 2Sl 1:8, 9

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 2:16, 17; 3:17—19. Adam ata bilen How ene Ýaradyjysy Ýehowa gulak asmandygy üçin Jennetden kowuldy we ebedi ýaşaýyşdan mahrum boldy.

    • 5Ms 18:18, 19; Res 3:12, 18, 22, 23. Ýehowa Musadan hem beýik pygamberiň dörejekdigini we oňa gulak asmadyk adamlaryň jeza aljakdygyny pygamberlik etdi.

    • Ýhd 6, 7. Pitneçi perişdeleriň we Sodom bilen Gomorranyň ýaşaýjylarynyň gulak asmandygy üçin Ýehowanyň gahary geldi.

Biz näme üçin Isa pygambere gulak asmaly?

1Ms 49:10; Mat 28:18

  • Mukaddes Kitapdan mysal:

    • Ýah 12:46—48; 14:24. Isa gulak asmadyk adamlaryň höküm ediljekdigini aýtdy.

Mesihçiler näme üçin ýygnakda ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asmaly?

Ýew 13:17

Aýal näme üçin ärine tabyn bolmaly?

1Kr 11:3; Efs 5:22, 24; Kol 3:18; Tit 2:4, 5; 1Pe 3:1—6

Çagalar näme üçin ene-atasyna gulak asmaly?

Nak 23:22; Efs 6:1; Kol 3:20

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 37:3, 4, 8, 11—13, 18. Agalary Ýusuby halamaýardy, ýöne ol şonda-da kakasyna gulak asyp agalaryndan habar tutmaga gitdi.

    • Luk 2:51. Isa kämil bolsa-da, bikämil ene-atasyna gulak asdy.

Başlygymyz ýa-da adamlar görmese-de näme üçin işimizi ýürekden etmeli?

Efs 6:5; Kol 3:22; 1Pe 2:18

Mesihçiler näme üçin häkimiýetlere gulak asmaly?

Rim 13:1—6; Tit 3:1; 1Pe 2:13, 14

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş