Erbet häsiýetler
Mesihçilerde nähili häsiýetler bolmaly däl?
Açgözlük
Serediň: «Açgözlük»
Adamdan gorky
Zb 118:6; Nak 29:25; Mat 10:28
Mukaddes Kitapdan mysallar:
4Ms 13:25—33. Ysraýyllardan bolan on içaly duşmanlardan gorkup, halkyň elini sowatdy.
Mat 26:69—75. Petrus adamlardan gorkup, Isadan üç gezek ýüz öwürdi.
Akylsyzlyk, akmaklyk
Serediň: 1Pe 2:15
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Şm 8:10—20. Şamuwel pygamber patyşa saýlamagyň nädogrudygyny aýdanda, halk akylsyzlyk edip diňlemedi.
1Şm 25:2—13, 34. Nabal Dawudyň eden ýagşylygynyň gadyryny bilmedi. Ol akmaklyk edip öý-içerisini howp astyna saldy.
Dawa-jenjel
Nak 26:20; Flp 2:3; 1Tm 3:2, 3; Tit 3:2; Ýak 3:14—16
Serediň: Nak 15:18; 17:14; 27:15; Ýak 3:17, 18
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Ms 13:5—9. Ybraýym bilen Lutuň çopanlary oňuşmady. Şonda Ybraýym parahatlygy saklap, meseläni derrew çözdi.
Ser 8:1—3. Efraýymlar dawa edip Gedeýonyň üstüne baranda, Gedeýon olary ýumşaklyk bilen köşeşdirýär.
Äsgermezlik
Serediň: «Äsgermezlik»
Gahar-gazap
Zb 37:8, 9; Nak 29:22; Kol 3:8
Serediň: Nak 14:17; 15:18
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Ms 37:18, 19, 23, 24, 31—35. Agalary Ýusuba azar ýamanyny berip, gul edip satdylar. Kakalaryna bolsa ölendigini aýdyp ýalan sözlediler.
1Ms 49:5—7. Şimgon bilen Lewi gaharlanyp, zorluk-sütem edendigi üçin näletlendiler.
1Şm 20:30—34. Şawul patyşa gahar-gazaba münüp, ogluny kemsitdi we öldürjek boldy.
1Şm 25:14—17. Nabal Dawudyň adamlaryna gygyryp, mertebesini peseldendigi üçin hojalygyndaky ähli erkekleriň janyny howp astyna saldy.
Gorkaklyk
Gozgalaň turuzmak
Serediň: 5Ms 21:18—21; Zb 78:7, 8; Tit 1:10
Gödeklik, zalymlyk
Serediň: Ýak 3:14
Mukaddes Kitapdan mysal:
Abd 10—14. Edomlylar doganlary bilen gödek bolandygy üçin Ýehowa olara jeza berdi.
Içigaralyk, göriplik
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Ms 26:12—15. Ýehowa Yshagyň çeken zähmetine bereket berende, piliştliler oňa göriplik etdiler.
1Pa 21:1—19. Ahap patyşa Nabotyň üzümligine göz gyzdyrdy we töhmet atyp öldürtdi.
Göriplik
Serediň: «Göriplik»
Ikiýüzlülik
Serediň: «Ikiýüzlülik»
Kesirlik
Serediň: Ýer 7:23—27; Zek 7:11, 12
Mukaddes Kitapdan mysallar:
2Tr 36:11—17. Sadykýar zalym we boýnuýogyn adam bolandygy üçin halk ejir çekdi.
Res 19:8, 9. Pawlus hoş habary diňlemek islemeýän adamlara wagyz etmegini bes etdi.
Müňkür bolmak, töhmet atmak
Mukaddes Kitapdan mysal:
1Şm 18:6—9; 20:30—34. Şawul Dawuda müňkürlik etdi, hatda Ýonatany hem oňa garşy öjükdirjek boldy.
Özüňi bilmeklik
Serediň: Nak 3:7; 26:12; Rim 12:16
Mukaddes Kitapdan mysallar:
2Şm 15:1—6. Abselim adamlara ýaranjaňlyk edip, kakasy Dawut patyşany abraýdan düşürjek boldy.
Dan 4:29—32. Tekepbir Nawuhodonosor Ýehowadan temmi aldy.
Özüňi dogruçyl hasaplamak
Nes 7:16; Mat 7:1—5; Rim 14:4, 10—13
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Mat 12:1—7. Isa özüni dogruçyl hasaplaýan fariseýleri ýazgardy.
Luk 18:9—14. Isa mysal arkaly özüni dogruçyl hasaplaýan adamlaryň Hudaýy razy edip bilmejekdigini aýtdy.
Pula gyzmak, baýlyga kowalaşmak
Serediň: 1Ýh 2:15, 16
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Eýp 31:24—28. Eýýup baý bolsa-da, baýlygyň yşgyna düşmedi.
Mar 10:17—27. Ýaş ýigit baýlygyndan geçip bilmändigi üçin Isanyň şägirdi bolup bilmedi.
Tekepbirlik, ulumsylyk
Serediň: «Tekepbirlik, ulumsylyk»
Ýaltalyk
Nak 6:6—11; Nes 10:18; Rim 12:11
Serediň: Nak 10:26; 19:15; 26:13
Ýigrenç
Serediň: 4Ms 35:19—21; Mat 5:43, 44
Zalymlyk
5Ms 15:7, 8; Mat 19:8; 1Ýh 3:17
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Ms 42:21—24. Ýusubyň agalary oňa zalymlyk edendigine ökündiler.
Mar 3:1—6. Isa fariseýleriň doňýürekdigine gynandy.