162-NJI AÝDYM
Dosty bolaryn
1. Ynsanyň gursagyna
Ýaradylanda guýlan,
Hak Allany tanamaly,
Bagtly ýaşamaly.
Köpleriň umydy ýok,
Hakykaty bilenok.
Ýahyň Sözi umyt berýär,
Ýaşaýşa höwes bar.
GAÝTALAMA:
Maňa beren Sözüni
Her gün okap, oýlanaryn.
Ýaha gulluk ederin,
Köp zatdan geçerin.
Alkyş aýdaryn,
Dosty bolaryn.
2. Dürdäneleriň hakda
Çuňňur oýa bataryn.
Imanymy berkiderin,
Hak ýoly taparyn.
Bilýän, köpler diňlemez,
Ýöne Ýah ýüzün sowmaz.
Ýürekdäki boşluk dolar,
Guş deý ganat ýaýar.
GAÝTALAMA:
Maňa beren Sözüni
Her gün okap, oýlanaryn.
Ýaha gulluk ederin,
Köp zatdan geçerin.
Alkyş aýdaryn,
Dosty bolaryn.
Maňa beren Sözüni
Her gün okap, oýlanaryn.
Ýaha gulluk ederin,
Köp zatdan geçerin.
Alkyş aýdaryn,
Dosty bolaryn.
Maňa beren Sözüni
Her gün okap, oýlanaryn.
Ýaha gulluk ederin,
Köp zatdan geçerin.
Alkyş aýdaryn,
Dosty bolaryn.
(Serediň: Zeb. 1:1, 2; 112:1; 119:97; Işa. 40:8; Mat. 5:6; 16:24; 2 Tim. 4:4)