Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/7 sah. 32
  • Taýýarlyk gowy netije getirýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Taýýarlyk gowy netije getirýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Gowy işdeş — ýagşy ýoldaş
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Bolgariýadaky ýörite kampaniýa üstünlikli geçdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/7 sah. 32

Taýýarlyk gowy netije getirýär

SEN garaşylmadyk ýagdaýda wagyz etmäge dörän mümkinçilikden peýdalanarmyň? Biziň doganlarymyz Finlýandiýanyň Turku şäherinde wagyz etmek mümkinçiliginden peýdalandylar. Olaryň taýýarlygy gowy netije getirdi.

Birnäçe wagt öň, Turku şäherinde ýaşaýan doganlarymyz aziýaly adamlaryň gelendigine üns berdiler. Olar gämi zawodynda gurulýan uly gäminiň işlerini tamamlamaga gelipdiler. Soňra bir dogan daşary ýurtly işgärleriň bolýan myhmanhanasyny tapyp, ol ýere barýar. Ol işgärleriň irden myhmanhananyň awtobusy bilen gämi duralgasyna barýandygyny hem anyklaýar. Ol muny derrew Turkunyň iňlis dilinde gepleýän ýygnagyň doganlaryna habar berýär.

Ýygnagyň ýaşululary daşary ýurtly adamlaryň köpelendigine we olara Patyşalyk baradaky habary wagyz etmäge mümkinçilik dörändigine düşünýärler. Şol sebäpli olar şeýle adamlara wagyz etmek üçin ýörite tagalla edýärler. Şol hepdäniň ýekşenbe güni on sany wagyzçy irden sagat ýedide, awtobusyň durýan ýerine golaý ýygnanýarlar. Ilki, olar hiç kimi görmeýärler. Doganlar geňirgenişip: «Biz näme gijä galdykmy ýa-da olar öz ýurduna gaýtdylarmyka?» diýişýärler. Ýöne soňra olaryň işçi geýminde gelýän bir adama gözi düşýär. Soňra ikinjisi, üçünjisi peýda bolýar. Şeýdip, biraz wagtyň içinde, olar awtobusyň ýanyna garynja ýaly üýşýärler. Wagyzçylar işçilere wagyz edip, iňlis dilinde edebiýat hödürläp başlaýarlar. Işçileriň ählisi gelip, öz orunlarynda oturýança, bir sagada golaý wagt gerek boldy. Şeýdip, awtobus dolýança, olaryň köpüsine wagyz edilýär. Olara 126 broşýura we 329 žurnal paýlanyldy!

Bu gowy netije doganlara indiki hepdede-de, ýagny etrap gözegçisiniň gelýän hepdesi hem şeýle wagyz etmäge höweslendirdi. Etrap gözegçisi irden sagat 6:30-da wagyz gullugy üçin duşuşyk geçirýär. Şol gün ýagyş ýagyp durdy. 24 sany wagyzçy awtobusyň durýan ýerine barýar. Olar ýany bilen tagal dilinde edebiýat hem alýarlar, sebäbi işçileriň köpüsi Filippinden gelipdi. Şol gün irden gämi duralgasyndaky awtobuslar dolýança, işçilere 7 kitap, 69 broşýura we 479 žurnal berildi. Bu wagza gatnaşan dogan-uýalaryň şatlygyny göz öňüne getirip görüň!

Bu işçiler ýurduna gitmezden öň, doganlar olaryň bolýan myhmanhanasyna baryp, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüňdeş bolýarlar. Şonda işçileriň käbiri Ýehowanyň Güwäçileri bilen beýleki ýurtlarda-da gürrüňdeş bolandygyny aýtdylar. Olar doganlaryň Finlýandiýada-da eden tagallasyna minnetdarlyk bildirdiler.

Sen garaşylmadyk ýagdaýda wagyz etmäge dörän mümkinçilikden peýdalanarmyň? Dürli milletli adamlara wagyz eder ýaly tagalla edermiň? Şonda Turkudaky doganlaryň şatlygyny özüňde duýarsyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş