Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/2 sah. 11
  • Tagalla edeniňe degýär!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Tagalla edeniňe degýär!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Gözleg geçiriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/2 sah. 11

Tagalla edeniňe degýär!

ÇAGALARY Ýehowanyň «terbiýe hem öwüdi bilen ulaltmak» üçin maşgala okuwyny geçirmek wajyp (Efes. 6:4). Eger siziň çagalaryňyz bar bolsa, onda olaryň maşgala okuwynda çalt ýadaýandygyna üns berensiňiz. Olary nädip gyzyklandyryp bolar? Geliň, käbir ene-atalaryň beren gürrüňini diňläliň.

Kaliforniýada (ABŞ) ýaşaýan Jorj şeýle gürrüň berýär: «Biziň çagalarymyz kiçiräk mahaly, aýalym ikimiz maşgala okuwyny gyzykly geçirmäge çalşardyk. Biz «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» kitabyny okanymyzda, käte hekaýadaky adamlaryňky ýaly eşikleri geýerdik we hekaýany sahnalaşdyrardyk. Biz hatda gylyç, hasa, sebet we şuňa meňzeş zatlary hem ýasardyk. Şeýle-de biz Mukaddes Ýazgylar esasynda düzülen «Men kim?» diýen oýny oýnardyk, dürli soraglary taýýarlardyk, Nuhuň gämisiniň kiçijik görnüşini ýasardyk we Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň bolan wagtyny ýazardyk. Käte Mukaddes Ýazgylardaky gahrymanlaryň ýa-da hekaýalaryň suratyny çekerdik. Häzir biz Efesliler 6:11—17-nji aýatlarda beýan edilýän ruhy ýaraglaryň suratyny çekmäge we herimiz bir ýaragyň manysyny düşündirmäge taýýarlyk görýäris. Şeýle zatlar maşgala okuwyny gyzykly geçirmäge kömek edýär».

Miçiganda (ABŞ) ýaşaýan Debi atly uýamyz şeýle gürrüň berýär: «Ýanýoldaşym bilen maňa üç ýaşly gyzymyzy ruhy temalara gyzyklandyrmak kyn bolýardy. Bir gezek «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» kitabyndan Yshak bilen Rebeka barada okanymyzda, men iki sany gurjagy alyp, hekaýany janlandyryp başladym. Indi gyzymyz her bir sözi ünsli diňleýär! Bu gurjaklar birnäçe aýlap Mukaddes Ýazgylardaky dürli gahrymanlaryň roluny janlandyrmaga kömek etdi. Biz hekaýany okap bolan badymyza, gyzymyz öýüň içini aýlanyp, hekaýany janlandyrmak üçin oýunjaklary we başga-da esbaplar gözleýärdi. Ol hazyna gözleýän adam ýalydy! Biz köwşüň gutusyndan Rahawyň öýüni ýasadyk, gyzyl lentany bolsa penjireden asylan ýüp edip ulandyk. Sanlar 21:4—9-njy aýatlardaky bürünç ýylany ýasamak üçin, bir ýarym metrlik oýunjak ýylany sübsäniň daşyna aýladyk. Biz bu zatlary ullakan horjuna salyp goýardyk. Biz köplenç gyzymyzyň öz otagynda «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar horjunyny» dörjeläp oturyşyny görerdik. Onuň hekaýalary özüçe janlandyryşyny görmek, diýseň begençlidi!»

Hawa, çagalary terbiýelemek aňsat däl; Ýehowa gulluk etmäge höweslendirmek üçin, olar bilen okuw geçirmek hem ýeterlikli däl. Emma Mukaddes Ýazgylar we maşgala okuwy çagalara her gün ruhy terbiýe bermäge kömek edip biler. Bu tagalla edeniňe deger!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş