Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/5 sah. 6
  • «Gowy gözegçi we gadyrly dost»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Gowy gözegçi we gadyrly dost»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • «Biz gideris! Bizi iber!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Taryhda ähmiýetli duşuşyk
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýetmiş ýyllap ýehudynyň eteginden tutýaryn
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/5 sah. 6

«Gowy gözegçi we gadyrly dost»

ÝEHOWANYŇ GÜWÄÇILERINIŇ Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Jon Barr 2010-njy ýylyň 4-nji dekabrynda, şenbe güni irden ýerdäki ömrüni tamamlady. Ol 97 ýaşyndady. Oňa «gowy gözegçi we gadyrly dost» diýse bolýar.

Jon Barr Şotlandiýanyň Aberdin şäherinde dünýä inip, üç çaganyň körpesidi. Onuň ata-enesi-de mesh edilen mesihçidi. Jon dogan köplenç çagalygyny ýakymly ýatlap, mähriban ene-atasynyň ajaýyp göreldesi üçin minnetdardygyny aýdýardy.

Ýaş Jon ýetginjeklik döwri nätanyş adamlar bilen gepleşmäge çekinýärdi. Ol çekinjeňligini ýeňmek üçin köp tagalla edýär. 1927-nji ýylyň ýekşenbe günleriniň biri, öýlän 14 ýaşly Jon atasyna öýden-öýe wagza bile gitmäge taýyndygyny aýdýar. Şeýdip, onuň ençeme ýyl dowam eden wepaly gullugy başlaýar. Şol günden tä soňky demine çenli, Jon dogan hoş habary yhlasly wagyz etdi.

Bir betbagtçylyk sebäpli onuň ejesi tas heläk bolupdy. Şol wakadan soň, Jon durmuşyň manysy barada çuňňur oýlanyp başlaýar. Ol 1929-njy ýylda özüni Ýehowa bagyş edýär we ilkinji mümkinçilikden peýdalanyp, 1934-nji ýylda suwda çokundyrylýar. Soňra 1939-njy ýylda Angliýanyň London şäherinde ýerleşýän Beýtel maşgalasynyň agzasy bolýar. Şeýlelikde, ol 71 ýyl dowam eden doly wagtly gullugyna başlaýar.

1960-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Jon dogan «mähirli dostluga» başlady, ýagny köp wagtdan bäri gulluk edýän Mildred Uillett atly pioner hem missioner uýa öýlendi. Barrlaryň maşgalasy göreldeli, wepaly är-aýal hökmünde tanalýardy. Mildred 2004-nji ýylyň oktýabr aýynda ýerdäki ömrüni tamamlaýança, olar bagtly ýaşadylar. Jon bilen Mildred her gün bile Mukaddes Ýazgylary okaýardy.

Jon Barryň ady tutulsa, ony tanaýan mesihçiler hemişe oýlanyp, maslahat berýän dogany göz öňüne getirýärler. Sebäbi ol elmydama mähir bilen Mukaddes Ýazgylara esaslanýan paýhasly maslahatlary berýärdi. Ol arman-ýadaman zähmet çekerdi, her bir dogan-uýanyň aladasyny edýän gowy gözegçi hem wepaly dostdy. Onuň ýygnakda berýän jogaplary, eden çykyşlary we aýdan dogalary hakykata bolan söýgüsini hem-de Ýehowa bilen dostlugynyň berkdigini görkezýärdi.

Biz gadyrly Jon doganymyzyň aradan çykanyna gynansak-da, onuň «ölmezlik donuny» geýendigine begenýäris. Ol şol sylag barada köp gürrüň berýärdi we ony arzuw edip, sabyrsyzlyk bilen garaşýardy (1 Kor. 15:53, 54)a.

a Jon Barryň ömri barada 1987-nji ýylyň 1-nji iýulynda çykan «Garawul diňiniň» (iňl.) 26—31-nji sahypalarynda okap bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş