Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/11 sah. 21
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/11 sah. 21

Okyjylaryň sowallary

Isa Mesihiň pürse çüýlenen sagadyny anyk bilmek mümkinmi?

Şeýle soragyň döremeginiň sebäbi, Injili ýazan Markus bilen Ýahýa resulyň Isanyň ölümi baradaky ylhamly sözleriniň arasynda gapma-garşylyk bar ýaly görünýär. Markus: «Ony haça çüýlänlerinde günortan bolmaga üç sagat wagt galypdy» diýýär (Markus 15:25). Ýahýanyň aýtmagyna görä, Pilatus Isany pürse çüýlemek üçin ýehudylara berende «altynjy sagat töweregidi» (Ýahýa 19:14—16). Mukaddes Ýazgylar boýunça alymlar gapma-garşy bolup görünýän şol iki aýady dürli-dürli düşündirýärler. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylarda şu iki aýadyň tapawudyny düşündirýän ýeterlik maglumat berilmeýär. Şonda-da, gadym döwürlerde adamlaryň wagt hasaplaýşyna seretsek, peýdaly bolar.

Birinji asyrda anyk wagty görkezýän sagatlar ýokdy. Adamlar güne seredip, wagty bilipdirler (Ýahýa 11:9). Ýöne ýylyň dowamynda günüň dogýan we batýan wagty üýtgäp durýar. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan wagtlar takmynandyr. Injilde adatça wakanyň bolan wagtyny aýtmak üçin «gündiz sagat dokuzlarda», «günortan we öýlän sagat üçlerde» diýilýär. Şeýle ýagdaýlarda köplenç takmynan wagt göz öňüne tutulýar (Mat. 20:3, 5; Res. iş. 10:3, 9, 30). Örän ähmiýetli wakanyň takyk wagtyny anyklamaly bolanda «ýedinji sagat» diýilýär (Ýahýa 4:52).

Isanyň ýerdäki ömrüniň soňky gününde bolan wakalaryň wagty babatda Injiliň hiç bir kitabynda gapma-garşylyk ýok. Olaryň dördüsinde-de ruhanylaryň we ýaşulularyň ertir irden maslahat geçirip, soňra Isany rim hökümdary Pontius Pilatusyň ýanyna äkidendigi aýdylýar (Mat. 27:1; Mar. 15:1; Luka 22:66; Ýahýa 18:28). Matta, Markus we Lukanyň aýtmagyna görä, Isa pürsde çüýlengi durka günortandan başlap, öýlän sagat üçe çenli bütin ýurda garaňky düşdi (Mat. 27:45, 46; Mar. 15:33, 34; Luka 23:44).

Isanyň pürse çüýlenen wagty babatda ýene-de bir zat ähmiýetli. Adatça jenaýatçyny gamçylamak we urmak bilen ölüm jezasy ýerine ýetirilip başlanýardy. Käte ony şeýle güýçli ýençýärdiler welin, hatda ol ölýärdi. Isany hem erbet urýarlar, şol sebäpli ol pürsi göterip bilmeýär we başga bir adamyň arkasyna ýükleýärler (Luka 23:26; Ýahýa 19:17). Megerem, käbir adamlar gamçylanmagy we pürse çüýlenmegi ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmegi hasaplasa, beýlekiler bolsa diňe pürse çüýlenmegi ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmegi hasaplan bolmaly. Eger gamçylamak we urmak bilen ölüm jezasyny ýerine ýetirip başlan bolsa, onda Isanyň pürse çüýlenen wagtyna çenli ep-esli wagt geçmelidi. Şol sebäpli-de Isanyň pürse çüýlenen wagty barada dürli sagatlar aýdylan bolmagy mümkin.

Ýahýa resul beýleki hoş habarçylardan tapawutlykda, kitabyny onlarça ýyl geçensoň ýazýar. Ýahýa olaryň ýazan kitabyny okan bolsa gerek. Dogry, Ýahýanyň aýdýan wagty Markusyňkydan tapawutlanýardy. Ýöne bu Ýahýanyň Markusyň kitabyndan ýöne göçürip almandygyny görkezýär. Ýahýa-da, Markus hem Hudaýyň ylhamy bilen ýazypdy. Mukaddes Ýazgylarda şu aýatlaryň tapawudyny düşündirmek üçin ýeterlik maglumat berilmese-de, biz Injile ynanyp bileris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş