«Men... nädip wagyz ederin?»
Bütin dünýäde agyr keseline garamazdan, dogan-uýalar yhlasly wagyz edip, ajaýyp görelde görkezýärler. Olaryň biri, Latwiýanyň paýtagty Wilnýusda ýaşaýan Dalýa.
Dalýa 35 ýaşlarynda. Ol dogabitdi kelle beýniniň işleýşiniň bozulmagyndan ejir çekýär. Şol sebäpli ol ysmaz bolup, kän bir gowy gepläp bilmeýär, onuň diline diňe ejesi gowy düşünýär. Ejesi Galina onuň bilen bile ýaşaýar we aladasyny edýär. Dalýa kän kynçylyklary başyndan geçirip, biynjalyk bolsa-da, ruhdan düşmeýär. Näme üçin?
Galina şeýle diýýär: «1999-njy ýylda gyz doganym, Apoloniýa myhmançylyga geldi. Ol Ýehowanyň Güwäçisidi. Biz Apoloniýanyň Mukaddes Ýazgylary gowy bilýändigine göz ýetirdik. Dalýa oňa köp soraglar berýärdi. Tizden Dalýa Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlady. Käte menem Mukaddes Ýazgylar okuwyna gatnaşyp, Dalýanyň sözlerini düşündirýärdim. Men Dalýanyň alýan biliminiň oňa kömek edýändigini görüp, meniň bilen hem okuw geçmegi haýyş etdim».
Dalýa Mukaddes Ýazgylardaky hakykata düşünip başladygyça, bir sorag ony örän biynjalyk edýärdi. Ahyry, ol Apoloniýadan: «Men ysmaz bolup, nädip wagyz ederin?» diýdi (Mat. 28:19, 20). Apoloniýa oňa: «Gorkma, Ýehowa kömek eder» diýip, göwünlik berdi. Dogrudan-da, ol Ýehowanyň kömegi bilen wagyz edýär.
Dalýa nädip wagyz edýärkä? Ol birnäçe usullar bilen wagyz edýär. Ýygnakdaky uýalar oňa Mukaddes Ýazgylardaky habary adamlara hat arkaly ýetirmäge kömek edýärler. Ilki bilen, Dalýa uýalara pikirini aýdýar. Soňra olar onuň pikirini ýazýarlar. Dalýa el telefony arkaly hat ýazyp hem wagyz edýär. Howa gowy bolýan günleri, ol ýygnakdaky dogan-uýalar bilen seýilgählerde we öýüniň golaýyndaky köçede adamlara wagyz edýär.
Dalýa ejesi bilen ruhy taýdan ösüp, özlerini Ýehowa bagyş etdiler we 2004-nji ýylyň noýabr aýynda suwda çokundyryldylar. 2008-nji ýylyň sentýabrynda Wilnýusda polýak dilinde topar döredildi. Şol topara wagyzçylar gerekdigi sebäpli, Dalýa ejesi bilen şoňa geçdi. Dalýa şeýle gürrüň berýär: «Käbir aýlarda men wagza çykyp bilmedim diýip, biynjalyk bolýaryn. Emma men bu barada doga edenimden soň, kimdir-biri hökman meni wagza çagyrýar». Mähriban uýamyz Dalýa öz ýagdaýy barada näme pikir edýär? Ol şeýle diýýär: «Keselim meni ysmaz etse-de, aňymy ysmaz etmedi. Men adamlara Ýehowa barada gürrüň berip bilýändigime örän begenýärin!»