Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/6 sah. 32
  • Ýagşylyk etmek ýüki ýeňledýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýagşylyk etmek ýüki ýeňledýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/6 sah. 32

Ýagşylyk etmek ýüki ýeňledýär

NIDERLANDIÝALY mesihçi är-aýal Jorj bilen Manon hoş habary wagyz etmek üçin bir gartaşan aýalyňka baranda, ol örän gaharlydy. Ol iki ýanýoldaşynyň we oglunyň aýrylandygyny, özüniň hem agyr görnüşli artritden ejir çekýändigini aýdýar. Gürrüňdeşlikden soň ol biraz köşeşse-de, gahary doly ýazylmady.

Jorj aýalyň ýekelikden we gaýgydan hasrat çekýändigini görüp, Manona gül dessesini satyn alyp, ony idemegi teklip edýär. Olar Riýa gül eltende, ol örän begendi. Emma şol wagt onuň gürleşmäge wagty bolmandygy üçin başga gün duşuşmagy gürleşdiler. Jorj bilen Manon belleşen wagty gelende, gapyny hiç kim açmady. Olar her dürli wagt gelip görseler-de, ony öýünde tapmadylar. Hatda olar Riýa görüşmekden gaçýandyr öýtdüler.

Ahyrsoňy bir gün Jorj Riýany öýünde tapýar. Riýa belleşen wagty öýünde bolmandygy üçin ötünç sorap, keselhanada ýatandygyny aýtdy. Ol: «Siz gideniňizden soň näme edendigimi bilýärsiňizmi? Men Mukaddes Ýazgylary okap başladym!» diýdi. Olar gowy gürrüňdeş bolup, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başladylar.

Gaharjaň aýal Riýa Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, şadyýan we mähirli boldy. Ol öýünden çykyp bilmese-de, görmäge gelen her bir adama derrew imany barada gürrüň berýärdi. Ol ýarawsyzlygy sebäpli köplenç ýygnak duşuşyklaryna baryp bilmeýärdi. Muňa garamazdan, dogan-uýalar ony görmäge gelende, begenýärdi. Ol 82 ýaşy dolan güni etrap kongresinde suwda çokundyryldy.

Birnäçe aýdan Riýa aradan çykdy. Ol aýrylandan soň öýünden ýazan goşgusyny tapdylar. Riýa şol goşgusynda garranda ýekeligiň nähili agyr degýändigini we ýagşylygyň wajypdygyny beýan edýär. Manon şeýle diýýär: «Goşgy maňa şeýle täsir etdi welin, Ýehowanyň bize oňa ýagşylyk etmäge kömek edendigine örän begenýärin».

Hawa, Ýehowanyň göreldesi bizi söýgi bildirmäge we ýagşylyk etmäge höweslendirýär (Efes. 5:1, 2). Biz ýagşylyk edip, «Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi maslahat bersek», gullugymyz netijeli bolar (2 Kor. 6:4, 6).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş