Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/7 sah. 32
  • «Arzuwym hasyl boldy»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Arzuwym hasyl boldy»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/7 sah. 32

«Arzuwym hasyl boldy»

Emiliýa on bäş ýyl mundan öň pioner bolup gulluk edýärdi. Emma soňra ol pioner gullugyny goýdy. Soňky ýyllar Emiliýa durmuşynyň iň şatlykly günleri barada kän oýlanyp, ýene-de pioner bolmak isledi.

Emiliýa dünýewi işde köp işläp, şatlygyny ýitirdi. Bir sapar ol gynanyp işgärine: «Meniň azrak işläsim gelýär!» diýdi. Muny başlygy eşidip, Emiliýadan: «Seniň, dogrudanam, azrak işläsiň gelýärmi?» diýdi. Ol: «Hawa» diýip jogap berdi. Emma edara ähli işgärlerinden borçlaryny ýerine ýetirmegi talap edýändigi üçin, muňa müdiriň rugsady gerekdi. Uýa müdir bilen gepleşmek üçin özüni rahat duýar ýaly we mert bolar ýaly Ýehowa doga etdi.

Emiliýa müdir bilen duşuşanda, sypaýy, ýöne mertlik bilen iş sagadyny azaltmagyny haýyş etdi. Emiliýa adamlara kömek etmek üçin wagtyny sarp etjekdigini şeýle düşündirdi: «Men Ýehowanyň Güwäçisi we adamlara ruhy taýdan kömek edýärin. Şu günler köp adamlar ahlak taýdan pese düşdi. Olar Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlaryň we akyldarlygyň peýdalydygyna düşünmeli. Işden soň edýän zatlarym bu işime zyýan ýetirmegini islemeýärin. Adamlara kömek eder ýaly, maňa köpräk boş wagt gerek. Şonuň üçin azrak işläsim gelýär».

Müdir Emiliýany ünsli diňläp, özüniň hem öň haýyr-sogap işine gatnaşmak isländigini aýtdy. Soňra ol: «Seniň getiren delilleriň haýyşyňy ýerine ýetirmäge mejbur edýärn. Emma sen aýlygyň azaljakdygyna düşünýärmiň?» diýdi. Emiliýa muny bilýändigini we gerek bolsa ýönekeý ýaşamaga-da taýyndygyny aýtdy. Soňra ol: «Meniň esasy maksadym adamlara hakykatdan ýagşylyk edesim gelýär» diýdi. Müdir Emiliýa şeýle diýdi: «Men öz bähbidini gözlemän, başgalara kömek edýän adamlara guwanýaryn».

Şu çaka çenli şeýle şert bilen edarada hiç kimi galdyrmaýardylar. Emiliýa hepdede diňe dört gün işlemäge rugsat berdiler. Emiliýa aýlygynyň köpelendigine we öňküsi ýaly aýlyk alýanyna örän geň galdy. Ol şeýle diýýär: «Arzuwym hasyl boldy, men ýene-de pioner bolup gulluk edýärin!»

Sen pioner ýa-da täzeden pioner bolup gulluk etmek üçin ýagdaýyňy üýtgetmek barada oýlanýarmyň?

[32-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

Müdir Emiliýa şeýle diýdi: «Men öz bähbidini gözlemän, başgalara kömek edýän adamlara guwanýaryn»

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş