Arhiwimizden
«Ol iň gowy gepleşikdi»
JORJ NEÝŞ Kanadanyň Saskaçewan welaýatyndaky Saskatun şäherinde ýerleşen öňki harby ammarynda ýatan uzynlygy 18 metre ýetýän agaçlary görkezip: «Olar näme üçin bu ýerde ýatyr?» diýip sorady. Oňa bu agaçlardan Birinji Jahan urşy döwründe habar beriş wyşkalaryny ýasandyklaryny aýtdylar. Neýş dogan: «Şonda men olardan radio wyşkalaryny gurup boljakdygy hakynda oýlandym» diýdi. Bary-ýogy bir ýyldan soň, ýagny 1924-nji ýylda «Si-eýç-ýu-si» radioýaýlymy peýda boldy. Ol Kanadada dini temalar barada gürrüň edilýän ilkinji radiostansiýalarynyň birisidi.
Kanadada radionyň üsti bilen wagyz etmeklik amatlydy, sebäbi onuň tutýan meýdany Ýewropadan-da uludy. Saskatundaky radiostansiýada işlän Florens dogan şeýle diýdi: «Biz görşüp bilmedik ençeme adamlarymyza radioýaýlymyň kömegi bilen hakykaty ýetirdik. Radio serişdesi täze çykan zat bolandygy sebäpli, adamlar islendik habary höwes bilen diňleýärdiler». 1926-njy ýylda bolsa, Kanadanyň dört şäherinde Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň (Ýehowanyň Güwäçileriniň öňki ady) öz radiostansiýalary bardya.
Şol radioýaýlymlarynda nämeleri diňlese bolýardy? Ýerli ýygnagyň aýdymçy dogan-uýalary başga sazandalar we hatda kiçi orkestr topary bilen çykyş edýärdiler. Elbetde, doganlar wagyz hem edýärdiler we Mukaddes Ýazgylara esaslanan söhbetdeşlikleri geçirýärdiler. Şol söhbetdeşliklere gatnaşan Eými Jons atly uýa şeýle ýatlaýar: «Men wagyzda adamlara özümi tanyşdyranymda, olar köplenç maňa: “Hä-ä, men sizi radioda diňläpdim“diýýärdiler».
«Jaň edýänler şeýle köpdi welin, olaryň hemmesine jogap bermek asla mümkin däldi»
Täze Şotlandiýanyň Galifaks şäherindäki Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler radio gepleşigini täze görnüşde geçirip başladylar, ýagny bu gepleşigi diňleýänler studiýa jaň edip, Mukaddes Ýazgylar barada soraglar berip bilýärdiler. Munuň beren netijesi barada bir dogan şeýle ýazdy: «Bu usul diýseň täsirli boldy. Jaň edýänler şeýle köpdi welin, olaryň hemmesine jogap bermek asla mümkin däldi».
Pawlus resulyň döwründäki ýaly, adamlar Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň hoş habaryna dürlüçe seslenýärdiler (Res. iş. 17:1—5). Diňleýjileriň käbirine gepleşikler ýaraýardy. Meselem, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler radioda «Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmek» diýen kitaby hakda agzanlarynda, Gektor Marşall doganlara onuň alty tomuny sargady. Birnäçe wagtdan soň, ol şeýle ýazdy: «Bu kitaplar maňa dini mekdepde sapak bermäge ýardam eder diýip pikir edipdim». Emma Gektor şol kitabyň I tomuny okansoň buthanadan gitmegi ýüregine düwdi. Ol 1998-nji ýylda aradan çykýança hoş habary yhlasly wagyz edip, Ýehowa wepaly galdy. Täze Şatlandiýanyň gündogarynda radio arkaly «Patyşalyk dünýäniň ýeke-täk umydy» diýen doklad bilen çykyş edildi. Şol günüň ertesi J. A. Makdonald biziň doganymyza şeýle diýdi: «Düýn Keýp-Breton adasynyň ýaşaýjylary iň gowy gepleşigi diňlediler».
Emma ruhanylar gahar-gazaba mündüler. Galifaksdaky käbir katolik dinine uýan adamlar Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň alyp barýan gepleşikleriniň stansiýasyny ýararys diýip gorkuzýardylar. 1928-nji ýylda dini ýolbaşçylaryň täsiri astynda ýurduň häkimiýeti Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň stansiýalarynda radioýaýlymlaryny geçirmek üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmajakdygyny yglan etdi. Şonda dogan-uýalar şeýle adalatsyz hereketi paş edýän «Radioýaýlymy kime degişli?» diýen kitapçany paýladylar. Emma şonda-da häkimiýet Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere radio gepleşiklirini geçirmek üçin ygtyýarnamasynyň möhletini uzaltmadylar.
Bu ýagdaý Kanadadaky Ýehowanyň gullukçylarynyň kiçijik toparyny ruhdan düşürdimi? Izabel Ueýnraýt şeýle diýýär: «Ilkibada, duşmanlar uly ýeňiş gazanan ýaly bolup göründi. Elbetde, Ýehowa muňa ýol bermän hem bilerdi. Diýmek, biz indi Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegiň has gowy usulyny ulanyp başlamalydyk». Kanadadaky Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler radionyň üsti bilen wagyz etjek bolup jan etmegiň deregine, bar ünsüni öýden-öýe wagyz etmäge gönükdirdiler. Emma radioýaýlymy arkaly «iň gowy gepleşikleri» alyp barmaklyk öz wagtynda esasy oruny eýeläpdi. (Biziň Kanadadaky arhiwimizden).
a Kanadadaky doganlar radionyň üsti bilen wagyz etmek üçin hususy radiostansiýalardan hem peýdalanýardylar.
«Jaň edýänler şeýle köpdi welin, olaryň hemmesine jogap bermek asla mümkin däldi»