Arhiwimizden
Wagtynda gelen «ýatdan çykmajak drama»
Köp adamlar «Ýaradylyş dramasynyň» ýatdan çykmaýandygyny ýatlaýarlar. Ol wagtynda görkezilip, adamlara uly täsir galdyrdy. Ýewropada Gitleriň režimi Hudaýyň halkyny wagşylarça yzarlap başlamazyndan biraz wagt öň, «Ýaradylyş dramasy» arkaly uly güwä geçilip, Ýehowa şöhratlandy. «Ýaradylyş dramasy» näme?
Schöpfung (Ýaradylyş) kitabynyň esasynda täze dramanyň ady
1914-nji ýylda Ýehowanyň halkynyň baş edarasynda Bruklinde (Nýu-Ýork, ABŞ) «Ýaradylyş fotodramasy» çykaryldy. Bu fotoslaýdly, kinosýomkaly, reňkli we sesli sekiz sagatlyk filmdi. Bütin dünýäde millionlarça adamlar «fotodramany» gördüler. 1914-nji ýylda onuň «Ewrika dramasy» diýen gysgaldylan görnüşi hem çykdy. Emma 1920-nji ýyllarda slaýdlar, filmler we filmi görkezýän enjamlar könelip, bozuldy. «Fotodrama» bolsa görkezilmelidi. Sebäbi Germaniýada Lýudwigsburgeniň ýaşaýžylary: «Fotodrama ýene-de haçan görkeziler?» diýip soraýardylar. Näme etse bolardy?
1920-nji ýyllarda Germaniýanyň Magdeburg şäherinde Beýtel maşgalasyndan doganlar dramany täzeden çykarmak üçin Parižiň informasion täzelik agentliginden filmi, Leýpsigiň we Drezdeniň grafiki kompaniýasyndan slaýdlary satyn aldylar. Olary köne «fotodramanyň» abat galan käbir slaýdlary bilen birleşdirdiler.
Zehinli sazanda Erik Frost dogan film we slaýdlar görkezilende saz çalýardy. Filmiň teksti «Ýaradylyş kitabyndan» alnypdy. Şol sebäpli «Fotodrama» «Ýaradylyş dramasy» diýen täze at berlipdi.
Täze drama hem «fotodrama» ýaly sekiz sagatlyk bolany üçin bölekleýin yzygider birnäçe agşam görkezilýärdi. Filmde ýaradylyş günleriň täsin jikme-jikleri, Mukaddes Ýazgylardaky we dünýewi wakalar hem-de ýalan dinleriň adamlary aldaýandygy görkezilýär. «Ýaradylyş dramasy» Awstriýa, Germaniýa, Belgiýa, Şweýsariýa we nemesçe gürleýän adamlara görkezildi.
Erih Frost we onuň «Ýaradylyş dramasy» üçin notalary
Erih Frost şeýle diýýär: «Dramany görkezenlerinde, men dogan-uýalary, esasanam, orkestrdäkileri arakesmede hatarlara aýlanyp, tomaşaçylara kitabymyzy we broşýurany hödür etmegi maslahat berdim. Biz öýden-öýe wagyz edenimizden hem has köp edebiýat ýaýratdyk. Polşada we häzirki Çehiýa respublikasynda filmi görkezen Ýohanes Raute, ony gören adamlaryň köpüsi adreslerini berendigini ýatlaýar. Olar şol adresler boýunça ikilenç ideg edip, Mukaddes Ýazgylar barada gowy gürrüňler etdiler.
1930-njy ýyllarda «Ýaradylyş dramasy» görkezilende, zallar hyryn-dykyn bolýardy we şäherde adamlar Ýehowanyň Güwäçileri barada gürrüň edýärdiler. 1933 -nji ýylda Germaniýadaky filial bir milliona golaý adama filmi görkezdi. Kete Kraus şeýle ýatlaýar: «Biz tokaýyň içinden, baýyrlyklardyr, derelerden ýokaryk galyp, aşak düşüp, bäş gün gatnap, her gün 10 kilometr ýöräpdik. Elza Bilhars bolsa: «Ýaradylyş dramasy» maňa hakykaty söýmäge kömek etdi» diýýär.
Alfred Almendinger filmiň ejesine täsir edişi barada şeýle diýýär: «Ol Mukaddes Ýazgylary satyn alyp, onda «syrat köprüsi» diýen sözi gözledi. Mukaddes Ýazgylarda şol sözi tapmansoň, buthanasyna barmagyny goýup, suwda çokundyryldy. Erih Frost «Ýaradylyş dramasy» arkaly ençeme adamlar hakykaty bildi diýýär (3 Ýahýa 1—3).
Ýewropanyň köp ýerlerinde «Ýaradylyş dramasy» görkezilenden soň, faşizm apy-tupan kimin adamlaryň başyna indi. 1933-nji ýylyň başynda Ýehowanyň Güwäçileriniň wagyz işi gadagan edildi. Şondan başlap Ikinji Jahan urşunyň soňuna 1945-nji ýyla çenli Ýehowanyň gullukçylary güýçli yzarlandylar. Erih Frost sekiz ýyl türmede bolsa-da, diri galyp, soňra Germaniýanyň Wisbaden şähirinde Beýtelde gulluk etdi. Ýatdan çykmajak «Ýaradylyş dramasynyň» wagtynda görkezilendigi nähili gowy boldy! Ol mesihçileriň köpüsine Ikinji Jahan urşunda synaglara çydamaga güýç berdi. Germaniýadaky arhiwimizden.