Siz şuny bilýärdiňizmi?
B. e. 70-nji ýylyndan soň, Iýerusalimdäki ybadathana dikeldildimi?
ISA MESIHIŇ aýtmagyna görä, Ýehowanyň ybadathanasy ýumrulyp, daş üstünde daş galmaly däldi. Bu pygamberlik b. e. 70-nji ýylynda Rim goşuny Titiň baştutanlygynda Iýerusalimi weýran edende berjaý boldy (Mat. 24:2). Soňra imperator Ýulian ybadathanany dikeltmegi ýüregine düwdi.
Ýulian Rimiň iň soňky butparaz imperatory hasaplanýardy. Ol Beýik Konstantiniň ýegeni bolup, şol döwrüň Mesihçi hasaplanylýan bilimini alýar. Emma Ýulian b. e. 361-nji ýylynda imperator bolanda, ol Mesihi biliminden aç-açan ýüz öwrüp, butparazlygy kabul edýär. Taryhy kitaplarda oňa «imandan dänen» diýilýär.
Ýulian Mesihçi dinini ýigrenýärdi. Belki-de, onuň bir sebäbi — ol alty ýaşyndaka özüne Mesihçi diýýän adamlaryň onuň kakasyny we garyndaşlaryny öldürenini görendigi üçindir. Ýulian Isany ýalan pygamber hasaplaýardy. Bu pikirini subut etmek üçin, buthana taryhçylarynyň aýtmagyna görä, ol ýehudylara ybadathanany dikeltmäge höweslendirýär.a
Ýulianyň ybadathanany dikeltmek isländigine hiç hili şübhe ýok. Taryhçylar dikeldiş işiniň başlandygy hakda jedel edýärler, sebäbi eger başlanan bolsa, onda dikeldiş işiniň bes edilmegine näme sebäp boldy diýýärler. Emma bir zat mälim bolup galýar. Ýulian tagta çykanyna iki ýyl geçip-geçmänkä öldürildi we bu niýetini ýany bilen alyp gitdi.
a Isa ybadathana hiç haçan dikeldilmez diýmändi, ýöne ol onuň weýran ediljegini aýtdy. Bu bolsa b. e. 70-nji ýylynda berjaý boldy.