ARHIWIMIZDEN
«Synag sagadynda» berk durdular
1914-NJI ÝYLDA duýdansyz Birinji Jahan urşy turanda, adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň urşa gatnaşmaýandygyna göz ýetirdiler (Iş. 2:2—4; Ýahýa 18:36; Efes. 6:12). Britaniýadaky Hudaýyň gullukçylary bu synaga nädip döz geldiler?
1916-njy ýylda Britaniýada 18 ýaşdan 40 ýaşa çenli öýlenmedik adamlar urşa gitmeli diýen kanun çykdy. Kanun adamlary «dini garaýşyna we ynsabyna» görä, harby gullukdan azat edýärdi. Hökümet kimi harby gullukdan azat etmeli, kimi etmeli däldigini ýörite komitete tabşyrdy.
Bu kanuna garamazdan, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň käbiri harby gullukdan azat edilmedi. Olaryň 40-a golaýyny türmä basdylar, 8-sini bolsa, Fransiýa urşa iberdiler. Şeýle adalatsyzlyk sebäpli, Britaniýadaky doganlar 5 500 adamyň goluny ýygnap, premýer-ministr Gerbert Askwize arz-şikaýat edip, hat ýazdylar.
Fransiýa iberilen sekiz dogana urşa gatnaşmakdan boýun gaçyrandygy üçin atuw jezasy berildi. Emma doganlary atjak bolup hatara düzenlerinde, atuw jezasyny bermän, on ýyl sürgün etdiler. Olary yzyna Angliýa iberip, türmä basýarlar.
Uruş uzaga çekendigi sebäpli, öýlenen adamlary hem urşa alyp başladylar. Hökümet ilkinji sudlaryň çykaran kararynyň esasynda başga sudlaryň hem şeýle karara gelmegini isledi. Angliýanyň Mançester şäherinde Mukaddes Ýazgylary öwrenýän we lukman Genri Gudzon sud edildi. 1916-njy ýylyň 3-nji awgustynda sud oňa borjuny berjaý etmeýär diýip, jerime saldy we işini harby suda geçirdi. Şol wagt sud Şotlandiýanyň paýtagty Edinburgda kitap paýlaýan 25 ýaşly Jeýms Frederik Skotyň hem işine seredip, ony aklaýar. Hökümet suduň çykaran kararyna arz-şikaýat etjek bolýar, ýöne bar ünsüni Londondaky suda jemlemegi makul bilýär. Şonda Gerbert Kips atly dogany günäkärläp, jerime saldylar we işini harby suda geçirdiler.
1916-njy ýylyň sentýabr aýynda 264 dogan harby gullukdan boşadylmak üçin arz-şikaýat etdiler. Olaryň 5-si boşadyldy, 154-si demir ýolda, şahtada we ş. m. agyr işlerde işlemeli edildi, 23-sine urşa gatnaşman, gulluk etmeli edildi, 82-sini bolsa, harby gulluga iberdiler we olaryň käbirlerini gynap, türmä basdylar. Adamlaryň köpüsi doganlary zalymlarça gynaýandygyna garşy bolandyklary üçin, olar harby türmeden ýönekeý türmä geçirilýär.
Edgar Kleý we soňra Britaniýanyň Beýtelinde gözegçi bolup gulluk eden Praýs Hýuz Uelsdäki bent gurluşygynda işlediler. Fransiýadan yzyna getirilen sekiz doganyň biri Gerbert Sinor Ýorkşirdäki Ueýkfild türmesine basylýar. Beýlekilere bolsa, Dartmurdaky türmede kyn şertlerde agyr işde işlemeli diýip höküm edildi. Şol türmä köplenç harby gullugyna gitmekden boýun gaçyrýanlary basýardylar.
Mukaddes Ýazgylary öwrenýän Frank Plat söweşe gatnaşmazlyk şerti bilen borjuny ýerine ýetirmäge razylaşýar, emma ony söweşe ibirjek bolanlarynda, ol boýun towlaýar. Şol sebäpli ony köp wagtlap zalymlarça gynaýarlar. Hakykaty bilenine biraz wagt geçensoň, Atkinson Pajeti urşa çagyrýarlar. Ol söweşe gatnaşmakdan boýun gaçyranda, harby ýolbaşçylar ony wagşylarça gynaýarlar.
Şol döwür doganlarymyz bitaraplyk baradaky garaýşymyza doly düşünmese-de, Ýehowa Hudaýy razy etmek islediler. Ýokarda agzalan doganlar, aýratynam, agyr günlerde, ýagny «synag sagadynda» bitaraplygyny saklap, gowy görelde görkezdiler (Ylh. 3:10) (Britaniýadaky arhiwimizden).