«Ol Hudaýa gulluk edip, derdine derman tapdy!»
Keniýada iki pioner dogan bir öýe baranda, kiçi boýly adamyň krowatda ýatanyny görüp, haýran galdylar. Onuň göwresi örän kiçijikdi, elleri-de gysgajykdy. Doganlar oňa «agsaklar keýik kimin bökjeklär» diýen Hudaýyň wadasyny gürrüň berenlerinde, ol begenjinden ýaňa ýylgyrdy (Iş. 35:6).
Pioner doganlar Onesmusyň 40 ýaşlaryndadygyny we onuň osteopsatiroz (dogabitdi süňkleriň döwülgenligi) kesellidigini bildiler. Onuň süňkleri şeýle ýumşak welin, hatda biraz gyssaň-da döwülýär. Onesmus keselini bejerip bolmaýandygy üçin, bütin ömrüne yza çekip, maýyp arabasyna daňylgy bolaryn öýdýärdi.
Onesmus Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlady. Emma ejesi saglygyna zyýan ýeter we yzasy artar öýdüp, onuň ýygnak duşuşyklaryna barmagyny islemedi. Şonuň üçin doganlar ýygnak duşuşyklaryny ýazga geçirip, Onesmusa öýünde diňlemäge berýärdiler. Onesmus bäş aý okuw geçensoň, saglygyna howply bolsa-da, ýygnaga barmagy ýüregine düwdi.
Onesmus ýygnaga baranynda agyrysy beterleşdimi? Ýok, gaýtam, ýagdaýy gowulaşdy. Onesmus: «Ýygnakda hiç hili agyry duýmadym» diýýär. Onuň pikiriçe, gelejege bolan umyt derdini ýeňleşdirdi. Onesmusyň ejesi oglunyň keýpiniň göterlendigini görüp begendi, özi hem Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razy boldy. Ol: «Oglum Hudaýa gulluk edip, derdine derman tapdy» diýdi.
Tizden Onesmus suwda çokundyrylmadyk wagyzçy boldy. Ol biraz wagtdan suwda çokundyryldy we häzir gulluk hyzmatçysy bolup gulluk edýär. Onesmusyň aýaklary we elleri işlemese-de, ol Ýehowa gulluk etmek üçin elinde baryny etmek isledi. Ol kömekçi pioner bolasy gelse-de, arza ýazmady. Näme üçin? Sebäbi ol maýyp arabasyny sürer ýaly birine doly bagly bolmalydygyny bilýärdi. Onesmus bu barada dogan-uýalara aýdanda, olar goldajakdygyny söz berdiler. Olar beren sözünde durup, Onesmusa kömekçi pioner bolmaga kömek etdiler.
Onesmus pioner bolasy gelende-de, ony ýene öňki aladasy biynjalyk edýär. Emma bir gezek ony Zebur 34:8-däki: «Rebbiň ýagşylygyny dadyp görüň!» diýen gündeki aýat ruhlandyrdy. Onesmus bu aýat barada oýlanyp, pioner bolmagy ýüregine düwdi. Ol 2010-njy ýylda Pionerler mekdebinde okady. Onesmus okadan mugallymlarynyň biri ilkinji sapar ony idän doganlaryň biridigini bilende, örän begendi!
Onesmusyň ata-enesi aradan çykdy, ýöne ýygnakdaky dogan-uýalar onuň gündeki zerurlyklary barada alada edýärler. Ol häzirki alýan ähli bereketlerine minnetdar we «Ilatyň hijisi: „Men syrkaw“ diýmez» diýen güne sabyrsyzlyk bilen garaşýar (Iş. 33:24).
[15-nji sahypadaky surat]
[15-nji sahypadaky surat]