Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/11 sah. 31—32
  • «Men pyşdyl ýalydym»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Men pyşdyl ýalydym»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/11 sah. 31—32

Arhiwimizden

«Men pyşdyl ýalydym»

1929-NJY ÝYLYŇ awgust-sentýabr aýlarynda ABŞ-nyň ähli ýerinde on günlük uly wagyz kampaniýasy geçirildi. Oňa 10 000-e golaý wagyzçy gatnaşdy. Wagyzçylar adamlara 25 müň kitap we broşýura ýaýratdylar. Olaryň arasynda müňe golaý kitap paýlaýanlar bardy. Kitap paýlaýanlaryň sany gaty köpelipdi! Bu barada 1927—1929-njy ýyllarda «Býulletende»a pionerleriň sanynyň üç esse köpelmegi «örän haýran galdyrýar» diýlip bildiriş edilipdi.

1929-njy ýylyň ahyrlarynda krizis başlandy. 1929-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda «Gara sişenbe güni» Nýu-Ýork fond biržasynda bahalaryň pese düşmegi bütindünýä ykdysadyýet krizisine sebäp boldy. Müňlerçe banklar bankroda düşdi. Daýhanlaryň işi togtadyldy. Uly fabrik-zawodlar ýapyldy. Millionlarça adamlar işsiz galdy. 1933-nji ýylda günde adamlaryň kredite alan jaýlarynyň 1 000-si elinden alynýardy.

Şol pul ýetmezçilik döwründe pionerler näme etdikä? Olar tigirli öý ýasadylar. Pionerleriň köpüsi gullugyny dowam eder ýaly, jaý üçin kireý we salgyt tölemez ýaly furgon, ýagny elde ýasalan tigirli jaý edip, tygşytly ýaşaýardylarb. Kongres günleri olar myhmanhanada däl-de, tigirli öýlerde mugt ýaşadylar. 1934-nji ýylda «Býulletende» kiçi tigirli öýde ýaşaýyş şertlerini döreder ýaly, suw geçirmek, ýygnalýan krowat we nahar taýýarlamaga peç gurnamak hem-de ony ýylatmak üçin maslahat berlipdi.

Bütin dünýäde oýlap tapyjy wagyzçylar tigirli öý ýasaýardylar. Wiktor Blekuell şeýle ýatlaýar: «Nuh pygamberiň gämi gurmaga tejribesi bolmaýşy ýaly, meniň hem tigirli öýi ýasamaga tejribäm-de ýok, bilimimem ýok». Emma Wiktor şonda-da tigirli öý ýasady.

Är-aýal Eýweri we Lowenýa Bristounyň hem tigirli öýi bardy. Eýweri dogan şeýle diýýär: «Men pyşdyl ýalydym, öýüm hemişe ýanymdady». Olar är-aýal Harwi we Anna Konro bilen pioner bolup gulluk edýärdiler. Harwi we Anna Konronyň bolsa, tol kartonyndan ýasalan tigirli öýi bardy. Olar maşynyny süren wagty tol kartonynyň bölekleri hemişe gaçyp durýardy. Eýweri şeýle diýýär: «Şu çaka çenli hiç kim, hiç haçan şeýle tigirli öýi gören däldir! Emma Harwi bilen Anna we olaryň iki ogly haçan görseň, örän şadyýandy». Harwi Konro: «Biz Ýehowa gulluk edip, hiç zada mätäç bolmadyk we hiç zatdan hem gorkmaýardyk, sebäbi Hudaýyň aladamyzy edýändigini duýýardyk» diýýär. Konrolaryň dördüsi hem Gilead mekdebinde okadylar we Peruda missioner bolup gulluk etdiler.

Battaýnoslar maşgalasy hem pioner bolup gulluk etdiler. Jýusto bilen Winsensa çagasynyň boljagyny bilenlerinde, 1929-njy ýylda çykan «Ford A» maşynyny tigirli öýe çalyşdylar. Olar öň çadyrda ýaşandygy üçin, indi tigirli öý olara «owadan myhmanhana ýaly bolup göründi». Olar gyzjagazy bilen gowy görýän gullugyny dowam edip, ABŞ-da ýaşaýan italýanlara wagyz etdiler.

Adamlaryň köpüsi hoş habary diňleseler-de, garyp we işsiz bolandygy üçin Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary satyn alyp bilmeýärdiler. Şonuň üçin dogan-uýalar edebiýaty bazarda satyn alyp bolýan gowy haryda çalyşýardylar. Iki pioner uýa gyzyklanýan adamlaryň beren zatlarynyň spisogyny düzende, olaryň sany 64-e ýetdi. Bu «oba hojalyk önümleriniň spisogyna meňzeýärdi».

Fred Anderson bir daýhana duşanda, ol birnäçe kitap almakçy bolup, ejesiniň äýnegini teklip etdi. Goňşy bolup ýaşaýan başga bir daýhan bolsa, edebiýatymyzy okasy gelip: «Wah, meniň okar ýaly äýnegim ýok-da» diýdi. Emma ol goňşusynyň äýnegini dakyp görende, kitaplary gowy okap bildi. Şol sebäpli ol kitaplary we äýnegi alyp, begenip meýletin sowgat berdi.

Gerbert Abbott maşynynda kiçijik towuk ketek ýasady. Ol edebiýaty üç-dört towuga çalşansoň, gidip bazarda satýardy we benzin bagyny doldurýardy. Ol şeýle ýazýar: «Şol wagtlar bizde asla pulumyz ýok diýen ýalydy, emma bize hiç zat päsgel berip bilmedi. Eger biziň benzinimiz bolsa, Ýehowa iman edip we bil baglap ýolumyzy dowam edýärdik».

Şol kyn ýyllarda Hudaýyň halky Ýehowa bil baglap, onuň alada etjekdigine berk ynanýardy. Makswell we Emmi Lýuisiň maşyny güýçli ýel turup, ýagyş ýaganda üstüne bir uly agaç ýykylyp, ikä bölünýär. Şol bada olar maşyndan çykyp gaçýarlar. Makswell şeýle diýýär: «Bize bu zatlar hem böwet bolmady. Şol waka we başga-da her hili pikirler barada oýlanyp ýörmedik. Biziň etmeli işimiz kändi we olary etmegi ýüregimize düwüpdik». Makswell we Emmi ruhdan düşmän, ýakyn dostlarynyň kömegi bilen tigirli öýüni bejerdiler.

Şu kyn günlerde-de, millionlarça Ýehowanyň yhlasly Şaýatlary hem janyny aýaman wagyz edýärler. Bizem şol ilkinji pionerler ýaly, Ýehowa tä iş gutardy diýýänçä, wagyz etmegimizi berk ýüregimize düwdük.

[Çykgytlar]

a Häzirki «Hudaýa gullugymyz»

b Krizis döwründe köp pionerler hökümet işinde işlemeýärdi. Olar Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary arzan bahadan satyn alyp, adamlaryň eden sowgatlarynyň hasabyna ýönekeýje ýaşaýardylar.

[31-nji sahypadaky surat]

[32-nji sahypadaky surat]

Hindistanda ýagyş möwsümi tigirli öýi gaýykda derýadan geçirýärler

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş