SIZ ŞUNY BILÝÄRDIŇIZMI?
Gadymy döwürlerde adamlar näme üçin eşigini ýyrtýardylar?
MUKADDES ÝAZGYLARDA adamlaryň egin-eşigini ýyrtandygy barada ençeme wakalar beýan edilýär. Şeýle wakalary okap, köp adamlar geň galýarlar. Emma gadymy ýehudylar şeýle etmek bilen gaýgy-hasratyny, gam-gussasyny, nägileligini ýa-da kemsitmä sezewar bolandygyny görkezýärdiler.
Meselem, Ýakubyň ogly Ruben jigisi Ýusubyň gulçulyga satylandygyny eşidende, «ýakasyny ýyrtyp zarynlady». Ogullary Ýakuba Ýusuby ýyrtyjy haýwanyň iýendigini aýdanlarynda, ol «ýakasyny ýyrtyp zarynlady» (Gel. çyk. 37:18—35). Eýýup pygamber hem ähli çagalarynyň ölendigi barada habary eşidende, «ýakasyny ýyrtdy» (Eýýup 1:18—20). Ysraýylyň Baş ruhanysy Eliýä iki oglunyň söweşde wepat bolandygy we äht sandygynyň elden gidendigi hakda habar getiren adam «ýakasyny çäkläp, başyndan gum sowrupdy» (1 Şam. 4:12—17). Ýoşyýa patyşa kanun kitabyny okap berenlerinde, halkyň ýazyklydygyny düşünüp, «ýakasyny ýyrtýar» (2 Pat. 22:8—13).
Kazyýetiň öňünde Baş ruhany Kaýafa Isa Mesihi Hudaýa dil ýetirmekde aýyplap, «egin-eşigini ýyrtýar» (Mat. 26:59—66). Rawwin däplerine görä, kimdir biri Hudaýyň adyna dil ýetirse, muny eşiden adam egin-eşigini ýyrtmalydy. Başga rawwin däbine görä bolsa, Iýerusalimiň ybadathanasy derbi-dagyn edilenden soň, «Hudaýyň adyna dil ýetirilendigini eşiden adam eginbaşyny ýyrtman, köne-küşül geýim geýip bilýärdi».
Elbetde, ýürekden gynanmaýan adam egin-eşigini ýyrtsa-da, Hudaýyň gözünde ähmiýeti ýokdy. Ýehowa halkyna şeýle diýipdi: «Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň» (Ýowel 2:13).