OKYJYLARYŇ SOWALLARY
Mesihçilere adamyň jesedini ýaksa bolýarmy?
Mukaddes Ýazgylar jesedi ýakmaklygy gadagan etmeýär.
Mukaddes Ýazgylarda ölen adamyň bedeniniň ýa-da süňkleriniň ýakylandygy barada birnäçe wakalar ýazylan (Ýeş. 7:25; 2 Ýyl. 34:4, 5). Ölen adam jaýlanmaga mynasyp bolmasa, onuň jesedi ýakylýardy. Emma bu jesedi ýakylan adamlaryň ählisiniň jaýlanmaga mynasyp däldigini aňlatmaýardy.
Muny Şawul patyşa we onuň üç ogly bilen bolan wakadan görse bolýar. Olar piliştliler bilen söweşde wepat boldular. Şawulyň Ýonatan atly ogly Dawudyň jana-jan dostudy we ony elmydama goldaýardy. Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty Şawulyň we onuň ogullarynyň ölendiklerini eşidýärler. Şonda şäheriň batyrgaý adamlary olaryň jesetlerini alyp ýakdylar. Dawut olaryň edermenligi üçin öwgüli sözler aýtdy (1 Şam. 31:2, 8—13; 2 Şam. 2:4—6).
Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň ölen adamlary direltjekdigi aýdylýar. Ölen adamyň jesedi ýakylsa-da, ýakylmasa-da Ýehowa olara täze beden berip, direldip biler. Nebukadnesar patyşa üç ýewreý ýigidini öldürmek üçin, olary otly peje taşlamakçy bolýar. Emma bu ýigitler Hudaýyň olary direldip biljekdigine ynanýardylar (Dan. 3:16—18). Şeýle-de Ýehowanyň ençeme wepaly gullukçylary faşistleriň konslagerlerinde öldürildi we olaryň jesedi peçde ýakyldy. Hudaýyň başga wepaly gullukçylary bolsa, uruş ýa-da başga sebäplere görä ölende, olaryň bedeninden hiç zat galmady. Muňa garamazdan, olar hökman direler (Ylh. 20:13).
Ýehowa Hudaýa ölen adamlary direltmek üçin, olaryň öňki bedeni gerek bolmaz. Muny mesh edilen mesihçileriň gökdäki ýaşaýyş üçin direldilişinden görse bolýar. «Ruh boýunça direlen» Isa ýaly, olar hem ruhy bedende direlýärler. Diýmek, olaryň ýerdäki bedeni gökde gerek bolmaz (1 Pet. 3:18; 1 Kor. 15:42—53; 1 Ýahýa 3:2).
Biz ölen adamlaryň direljekdigine umyt edýäris. Sebäbi biz adamyň jesediniň ýakylan ýa-da ýakylmandygyna däl-de, Hudaýyň ukybyna we Onuň wadasyny ýerine ýetirmek isleýändigine ynanýarys (Res. iş. 24:15). Elbetde, biz Hudaýyň geçmişde ýa-da gelejekde ölen adamlary direltmek üçin edýän gudratyna doly düşünip bilmeris. Ýöne biz Ýehowa bil baglaýarys. Ol Isany direldip, bize «subutnama berdi» (Res. iş. 17:31; Luka 24:2, 3).
Mesihçiler ölen adamyň jesedi baradaky meselede jemgyýet kadalaryny, adamlaryň duýgularyny we döwletiň talaplaryny göz öňünde tutsalar gowy bolar (2 Kor. 6:3, 4). Şeýle-de ölen adamyň jesedini ýakmaly ýa-da ýakmaly däldigini maşgala agzalary çözmeli.