ARHIWIMIZDEN
«Ýehowa sizi Fransiýada wagyz etmäge saýlady»
ANTUAN SKALEKINIŇ aty hemişe ýanyndady. Olar 500 metr çuňlukdaky garaňky ýerasty geçelgeden (şahtadan) kömür daşaýardylar. Antuanyň kakasy şahta heläkçiliginde ýaralanyp, işden galmaly boldy. Şol sebäpli Antuan kakasynyň ýerine her gün dokuz sagatlap şahtada işledi. Antuan hem bir sapar şahta heläkçilinde zordan başyny gutarypdy.
Polýak şahtaçylarynyň ulanan gurallary; Antuan Skalekiniň işlän şahtasy (Deşi, Sen-le-Nobl şäheri)
1920—1930-njy ýyllarda Fransiýada polýak maşgalalarynda birnäçe çaga dünýä indi. Antuan hem olaryň biridi. Polşanyň raýatlary näme üçin Fransiýa göçüp geldiler? Birinji jahan urşy tamamlananda Polşa garaşsyzlygyny aldy, emma ilatyň sanynyň artmagy ýurtda kynçylyk döretdi. Fransiýada bolsa uruş sebäpli millionlarça erkek adamlar wepat boldular we kömür gazýan işçiler ýetmezçilik edýärdi. 1919-njy ýylyň sentýabrynda Fransiýa bilen Polşa döwletleri özaralarynda ilatyň göçmegi barada ylalaşyk baglaşdylar. Şeýlelikde, 1931-nji ýylda Polşadan Fransiýa göçüp gelenleriň sany 507 800 adama ýetdi. Olar ýurduň demirgazyk tarapynda kömrüň bar ýerlerinde mesgen tutdular.
Polşanyň zähmetsöýer raýatlary ýurdundan göçüp gaýtsalar-da, medeniýetini we dinini unutmadylar. 90 ýaşly Antuan şeýle ýatlaýar: «Meniň babam Jozef Mukaddes Ýazgylardan söz açanda, ony gymmat saýýandygy görünýärdi. Kakasy muny oglunyň gursagyna guýupdyr». Her ýekşenbe güni polýak şahdaçylary ata-babalarynyň edişi ýaly, iň gowy egin-eşiklerini geýip, ybadathana barýardylar. Dini-düşünjelere biperwaý garaýan ýerli ýaşaýjylar olary görende, gahar-gazaba münýärdiler.
1904-nji ýyldan Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Nor-Pa-de-Kale şäherinde yhlasly wagyz edip başladylar. Fransiýa göçüp gelen polýaklar hem olar bilen tanyş boldular. 1915-nji ýyldan bäri «Garawul diňi» žurnaly polýak dilinde her aý çap edilýärdi. 1925-nji ýylda bolsa, «Altyn asyr» (häzirki «Oýanyň!») žurnaly çykyp başlady. Polýak maşgalalaryň köpüsi ene dilindäki «Hudaýyň arfasy» atly kitabyny ýürekden kabul edişi ýaly, Mukaddes Ýazgylara esaslanan žurnallary-da höwes bilen okaýardylar.
Antuan Hudaý baradaky hakykaty daýysyndan eşidýär. 1924-nji ýylda onuň daýysy ilkinji sapar ýygnak duşuşygyna gatnaşýar. Şol ýyl Brýue-an-Artua şäherinde Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler ilkinji gezek polýak dilinde kongres geçirdiler. Mundan bir aý geçmänkä, şol şäherde Baş edaramyzyň wekili Jozef Ruterfordyň geçiren ýygnak duşuşygyna iki müň adam gatnaşdy. Olaryň köpüsi polýakdy. Ruterford dogan olara şeýle diýdi: «Ýehowa sizi Fransiýada wagyz etmäge saýlady. Indi siz we siziň çagalaryňyz Fransiýanyň halkyna kömek etmeli. Size wagyz işi garaşýar! Ýehowa-da goldamak üçin işçi ýollar!»
Hawa, Ýehowa öz sözünde durdy! Polýak dogan-uýalar şahtada der döküp işleýşi ýaly, hoş habary-da yhlasly wagyz edýärdiler! Hatda olaryň köpüsi Hudaý baradaky hakykaty wagyz etmek üçin Watanyna dolandylar. Meselem, Teofil Pieskowski, Stefan Kosýak we Jan Zabuda dagylar Polşanyň ähli künjeginde hoş habary wagyz etmek üçin Fransiýadan göçüp gaýtdylar.
Polýak wagyzçylaryň köpüsi Fransiýadaky dogan-uýalar bilen güýjüni gaýgyrman wagyz edýärler. 1926-njy ýylda Sen-le-Nobl şäherinde geçirilen ýörite kongrese gelen adamlaryň 1000-isi polýak dilinde, 300-i fransuz dilinde diňledi. 1929-njy ýylda çykan «Ýyllyk kitabynda» şeýle diýilýär: «Şu ýyl Hudaýa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylan polýak dogan-uýalaryň sany 332 boldy». Ikinji jahan urşy başlamanka, Fransiýadaky 84 ýygnagyň 32-si polýak dilinde geçirilýärdi.
Fransiýadaky polýak dogan-uýalar kongrese barýarlar. Awtobusda «Ýehowanyň Şaýatlary» diýip ýazylan
1947-nji ýylda Polşa hökümeti öz raýatlarynyň Watanyna dolanmagyny teklip edende, Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi çakylyga seslendiler. Muňa garamazdan, şol ýyl Fransiýadaky Patyşalygyň wagyzçylarynyň sany on göterim artdy. 1948—1950-nji ýyllarda bolsa olaryň sany 20, 23, hatda 40 göterime ýetdi. 1948-nji ýylda Fransiýanyň filialy täze wagyzçylary goldamak üçin, bäş sany etrap gözegçisini belledi. Olaryň dördüsi polýakdy. Bu gulluga Antuan Skaleki hem bellendi.
Polýak dogan-uýalaryň ata-babalary hem agyr zähmet çekýärdiler, hem yhlasly wagyz edýärdiler. Şu günler Fransiýada ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi ata-babalarynyň familiýasyny göterýärler. Fransiýa göçüp gelen adamlar hak Hudaý barada bilim alýarlar. Meselem, Parižde fransuz dilinde geçirilýän ýygnaklara garanyňda, daşary ýurt dilinde has köp ýygnak duşuşyklary geçirilýär. Hoş habarçylar Watanyna dolansalar-da, daşary ýurtda ýaşasalar-da yhlasly wagyz edýärler. Olar Patyşalygyň ilkinji wagyzçylary bolan polýak dogan-uýalardan görelde alýarlar (Fransiýadaky arhiwimizden).