Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w15 15/12 sah. 3
  • Ýadyňyzdamy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýadyňyzdamy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Meňzeş maglumat
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
w15 15/12 sah. 3

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň.

Dogan-uýalar bilen umydymyz barada gürrüňdeş bolmagyň nähili peýdasy bar?

Ýehowanyň wadalary ýerine ýetende näme bilen meşgullanjakdygymyzy dogan-uýalara gürrüň berenimizde, gelejege bolan umydymyz has-da berkeýär. Şeýle-de biz birek-biregi ruhlandyrýarys we Hudaýyň wadalaryna iman edýändigimizi görkezýäris (15/5 sah. 22, 23).

Ezekiýel kitabyndaky Magok ýurdundaky Gog kimi aňladýar?

Magok ýurdundaky Gog Şeýtany däl-de, agyr muşakgat başlansoň Hudaýyň halkyna topuljak milletleriň üýşmegini aňladýar (15/5 sah. 29, 30).

Isanyň gudratlary onuň jomartlygyny nädip görkezýär?

Isa Kana şäherindäki toýda 380 litr suwy şeraba öwürýär. Başga bir gezek bolsa gudrat bilen 5 müňden gowrak adamy doýurýar (Mat. 14:14—21; Ýahýa 2:6—11). Şeýlelikde, Isa gökdäki Atasynyň göreldesine eýerip, jomartlygyny görkezýär (15/6 sah. 4, 5).

Näz-kereşme etmek näme üçin howply?

Käbirleri näzli bakyşyň, sözleriň we hereketleriň hiç hili zyýany ýokdur öýdýärler. Olar jynsy gatnaşyk etmeýäris diýip özüni aklaýarlar. Ýöne näz-kereşme ahlaksyz pikirlere we günä işlere iterýär (15/6 sah. 16).

Gündelik çöregimiz barada doga etmek nämäni aňladýar?

Isa gündelik çöregimiz barada doga etmegi öwredende, diňe bir ýaşaýşa gerekli zatlary däl-de, ruhy iýmiti hem göz öňünde tutdy. Biz gündelik çöregimiz barada doga edenimizde, tebigy betbagtçylyga uçran we mätäç dogan-uýalarymyz üçin hem dileg edýäris (15/6 sah. 26).

Biz ruhy jenneti nädip giňeldip bileris?

Biz ruhy jenneti giňeltmek üçin mesihi häsiýetleri ösdürýäris. Sebäbi adamlar köplenç aýdýan habarymyza däl-de, edim-gylymymyza üns berýär. Bu bolsa olary Ýehowanyň gullukçysy bolmaga höweslendirýär. Biz adamlara özüni Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyrylmaga kömek edenimizde, ruhy jenneti giňeldýäris (15/7 sah. 11).

Beýik Babyl ýykylanda, ýalan diniň agzalarynyň hemmesi heläk bolarmy?

Ýok, Zakarýa 13:4—6-njy aýatlardan görnüşi ýaly, hatda käbir dini ýolbaşçylaram öz dinini terk edip, ýalan dine degişli däldigini aýdarlar (15/7 sah. 15, 16).

Mesihçiler haýsy zatlar barada oýlanmaly?

Mesihçiler Ýehowanyň ýaradan zatlary, Mukaddes Ýazgylaryň wajyplygy, doga etmegiň uly hormatdygy hem-de Hudaýyň söýgi bilen beren töleg gurbany hakda oýlanmaly (15/8 sah. 10—13).

Kimdir biri bilen duşuşmakçy bolýan mesihçi nämäni unutmaly däl?

Biz Ýehowa iman etmeýän adamlar bilen özümizi gödek alyp barmaýarys. Emma özüni Ýehowa bagyş etmedik hem-de onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýan adam bilen duşuşsak, Hudaýyň görkezmesine garşy gitdigimiz bolar (1 Kor. 15:33) (15/8 sah. 25).

Petrusa imanyny berkitmäge näme kömek etdi?

Petrus resul Isa iman edýändigi üçin suwuň ýüzünden ýöreýär (Mat. 14:24—32). Emma ol güýçli tolkunlary görende, gorkup başlaýar. Soňra ol nazaryny Isa dikip, onuň kömegini kabul edýär (15/9 sah. 16, 17).

Martanyň başga işler bilen başagaý bolmagyndan nähili sapak edinse bolar?

Marta köp zat bişirjek bolup, başagaý bolýardy. Emma onuň uýasy Merýem Isanyň öwredýän zatlaryny diňleýärdi. Isa Merýemiň paýhasly hereket edendigini aýtdy. Bizem ähmiýetsiz işleriň ruhy zatlardan ünsümizi sowmagyna ýol bermeli däl (15/10 sah. 18—20).

Hemişe ruhy zatlar barada oýlanmak näme üçin wajyp?

Ruhy zatlar barada oýlanmak ruhy taýdan ösen mesihçi bolmaga we imanyňy berkitmäge kömek edýär. Ýehowa hakda oýlanmaga az wagt sarp edýän adam onuň bilen dostlugyny ýitirer, hatda ondan ýüz öwrüp hem biler (15/10 sah. 26).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş