ARHIWIMIZDEN
«Söýgüden we hyjuwdan ýaňa ýüregimiz has-da joşdy»
1922-NJI ýylyň sentýabr aýydy. Anna güni Gün asmana galanda, kongres geçirilýän ýere 8 müň töweregi adam ýygnandy. Kongresi alyp barýan dogan wajyp bildiriş etdi: Gidesi gelýän adam gidip biler, ýöne soňra girmäge rugsat berilmez.
Duşuşyk «Wagyz gullugyny şöhratlandyryň» diýen aýdym bilen başlandy. Soňra Jozef Ruterford dogan sahna çykdy. Oturanlaryň köpüsi tolgunyp, aýdyljak zatlara sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Käbirleri bolsa yssa çydap bilmän bir ýerde durmaýardy. Ruterford dogan ýumşaklyk bilen olara ýerinde oturmagy we aýdyljak zatlary diňlemegi haýyş etdi. Nutukçy söze başlanda, eýsem, oturanlar düýrlenip asylgy duran ullakan mata üns berdilermikä?
Ruterford dogan «Gökdäki Patyşalyk golaýlady» diýen nutuk bilen çykyş etdi. Onuň batly sesi bir ýarym sagatlap uly zalyň içinde ýaňlanyp durdy. Ol geçmişde ýaşan pygamberleriň Patyşalygyň gelmegi barada batyrgaýlyk bilen yglan edendiklerini gürrüň berdi. Nutugynyň ahyrynda ol oturanlardan: «Siz şöhratly Patyşanyň höküm sürüp başlandygyna ynanýarmysyňyz?» diýip sorady. Şonda olar batly ses bilen «hawa» diýip jogap berdiler.
Şonda Ruterford dogan tolgundyryjy äheňde şeýle diýdi: «Onda Gudratygüýçli Hudaýyň ogullary, wagyz etmegiňizi dowam ediň! Ynha, Patyşa höküm sürýär. Siz onuň jarçylary. Şonuň üçin Patyşany we onuň Patyşalygyny wagyz ediň, wagyz ediň, wagyz ediň».
Edil şol pursat düýrlengi mata açyldy. Onuň ýüzünde «Patyşany we onuň Patyşalygyny wagyz ediň!» diýen çagyryş bardy.
«Şonda oturanlaryň ini tikenekläp gitdi» diýip, Reý Bopp dogan ýatlaýar. Anna Gardner uýamyz bolsa «güýçli el çarpyşmalardan ýaňa oturan ýerleriniň sarsandygyny» gürrüň berýär. Fred Twaroş dogan: «Oturanlar bir adam ýaly ýerinde galdy» diýýär. Ýewangelos Skaffas hem: «Hamala, biri egnimizden tutup, ýerimizden galdyran ýaly boldy. Şonda biziň gözümize ýaş aýlandy» diýýär.
Kongrese gelenleriň köpüsi Patyşalyk baradaky habary eýýäm wagyz edýärdiler. Ýöne indi olar täze güýç bilen wagyz etmäge taýyndylar. Etel Bennekoff Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň «söýgüden we hyjuwdan ýaňa ýüregi has-da joşdy» diýip, gürrüň berýär. Odessa Tak şol wagt 18 ýaşyndady. Ol kongresden soň «Kim gider?» diýen çagyryşa seslenmegi ýüregine düwdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men nirede, nädip we näme hakda wagyz etmelidigimi bilmeýärdim. Ýöne men «Ine, men; meni iber!» diýen Işaýa pygamberiň göreldesine eýermek isleýärdim» (Iş. 6:8). Raf Leffter dogan bolsa şeýle diýýär: «Şol baýramçylyk güni Patyşalyk barada yglan edilip başlan kampaniýa häzir bütin ýer ýüzünde alnyp barylýar».
Ine, şonuň üçin 1922-nji ýylda Sidar-Poýntda (Ogaýo ştaty) geçirilen kongres taryhda ýatdan çykmajak yz galdyrdy! Jorj Gangas şeýle diýýär: «Şol kongres maňa şeýle güýçli täsir etdi welin, men hiç haçan olardan galmazlygy ýüregime düwdüm». Ol şeýle hem etdi. Juliýa Uilkoks uýa şeýle ýazdy: «Biziň edebiýatlarymyzda her gezek 1922-nji ýylda Sidar-Pointde geçirilen kongres hakda agzalanda, begenjimden ýaňa uçaýjak bolýaryn. Men: „Ýehowa, maňa şol kongrese gatnaşmaga mümkinçilik berendigiňe diýseň minnetdar!“ diýip, gaýta-gaýta aýdasym gelýär».
Şu günlerem biziň köpümiz beýik Hudaýa we onuň Patyşasyna bolan söýgimizi artdyran hem-de yhlasly gulluk etmäge iteren kongresdäki ýakymly pursatlary höwes bilen ýatlaýarys. Şeýle ýakymly ýatlamalar bizi-de «Ýehowa, maňa şol kongrese gatnaşmaga mümkinçilik berendigiňe diýseň minnetdar!» diýmäge höweslendirýär.