Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w18 Ýanwar sah. 32
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • Ine, Ýehowanyň razy bolan Gullukçysy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
w18 Ýanwar sah. 32

Şuny bilýäňizmi?

Gadymy Ysraýylda gündelik durmuşynda ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin Musanyň kanunyndaky prinsiplere eýerýärdilermi?

HAWA, käte eýerýärdiler. Geliň, olaryň birine seredeliň. Kanun taglymaty 24:14, 15-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Isle ol öz ysraýyl doganyňyz bolsun, isle ýurduňdaky galalarda ýaşaýan gelmişek, garaz, garyp we mätäç günlükçiniň işlän hakyny tutup galmaň... Ýogsam olar siziň garşyňyza Rebbe nalyş bilen ýüz tutarlar we siz günä gazanarsyňyz».

Küýze bölegi

Ýüzünde daýhanyň nalyşy ýazylan küýze bölegi

Aşdod şäheriniň golaýynda b. e. öň VII asyra degişli bolan bir küýze bölegi tapylýar. Onuň ýüzünde şeýle sözler bardy: «Birnäçe gün mundan öň ýygnan hasylymy ammara üýşürenimden soň, Şobaýyň ogly Hoşeýahu geldi-de, men guluň donuny elinden aldy... Aýdýanlarymyň dogrudygyny... şol wagt Günüň astynda meniň bilen zähmet çeken ýoldaşlarymyň bary tassyklar. Men hiç hili nähak iş etmändim... Eger häkim guluň donunyny yzyna alyp bermek baradaky borjuny berjaý etmese, onda muny iň bolmanda maňa haýpy gelip edäýsin! Guluň donsuzka, sen dymmaly dälsiň». Muny bir ýönekeý daýhan aýdan bolmaly.

Taryhçy Saýmon Şama şeýle diýýär: «Bu sözler daýhanyň ýöne bir donuny yzyna almak üçin nalyş edendigini aňlatmaýar. Ol daýhanyň Ýazgylardaky, esasan-da, Lewiler we Kanun taglymaty kitaplaryndaky garyp adamlara ýowuz daraşmaly däldigi baradaky kanuny gowy bilendigini görkezýär».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş