Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w18 Oktýabr sah. 32
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • Stefanus «Hudaýyň kömegi we güýji bilen berk durdy»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Stefanusy daşlaýarlar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • 3 | Pikiriňizi üýtgediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Erbet iş edýänler düzelip bilermi?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
w18 Oktýabr sah. 32

Şuny bilýäňizmi?

Yzarlamada Hudaýa wepaly galmaga Stefanusa näme kömek etdi?

Stefanus Mejlisiň öňünde dur

STEFANUS birtopar adamyň gazabyna sezewar bolýar. Mejlisiň, ýagny Ysraýylyň ýokary kazyýetiniň agzasy bolan 71 kazynyň halkyň arasynda uly ygtyýary bardy. Bu adamlary baş ruhany Kaýafa ýygnapdy; birnäçe aý mundan öň Isany ölüme höküm edenlerinde-de, ol muňa ýolbaşçylyk edipdi (Mat. 26:57, 59; Res. iş. 6:8—12). Mejlisiň agzalary Stefanusa garşy ýalan şaýatlary getirenlerinde, «onuň ýüzüniň perişdäniň ýüzi ýalydygyny görýärler» (Res. iş. 6:13—15).

Eýsem, Stefanusa şeýle ýowuz garşylyga garamazdan, kalbynda rahatlygy saklamaga näme kömek etdikä? Mejlisiň öňüne getirilmezden öň, ol mukaddes ruhuň güýji bilen Hudaýyň işini yhlasly berjaý edýärdi (Res. iş. 6:3—7). Haçanda ol synaga düşende, şol ruh oňa teselli berip, Ýazgylardaky wakalary ýadyna saldy (Ýah. 14:16). Şeýdip, ol batyrgaýlyk bilen özüni gorady. Resullaryň işleri kitabynyň 7-nji babynda aýdylyşy ýaly, mukaddes ruh Ýewreý ýazgylaryndan takmynan 20 ýa-da ondanam köpräk wakalary Stefanusyň ýadyna salýar (Ýah. 14:26). Isanyň Hudaýyň sag tarapynda durandygy barada görnüş görende, Stefanusyň imany hasam berkeýär (Res. iş. 7:54—56, 59, 60).

Käte bizem garşylyklara we yzarlamalara duçar bolmagymyz mümkin (Ýah. 15:20). Eger biz Hudaýyň Sözüni her gün okasak we wagza yhlasly gatnaşsak, Ýehowanyň mukaddes ruhunyň özümize täsir etmegine ýol bereris. Şonda ol bizem güýçlendirer we yzarlamalara uçranymyzda, kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek eder (1 Pet. 4:12—14).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş