Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w18 Dekabr sah. 8
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • «Jennetde görşeris!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Ruhy jenneti giňeldiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • «Meniň bilen Jennetde bolarsyň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
w18 Dekabr sah. 8
Pawlus resul

Okyjylaryň sowallary

Pawlus resul haýsy manyda «üçünji göge» we «Jennete» äkidildi? (2 Kor. 12:2—4).

2 Korinfliler 12:2, 3-nji aýatlarda Pawlus bir adamyň «üçünji göge äkidilendigini» aýdýar. Ol adam kim? Pawlus korinflilere ýazan hatynda Hudaýyň resul hökmünde ony gullugynda ulanýandygyny belläp geçýär (2 Kor. 11:5, 23). Soňra ol «Halypamyzdan alan görnüşleri we habarlary hakda aýdýar». Diýmek, Pawlus resul bu ýerde özi hakda aýdýar (2 Kor. 12:1, 5).

Şeýlelikde, Pawlus «üçünji göge» we «Jennete» äkidilýär (2 Kor. 12:2—4). Ol gelejekde boljak zatlary görkezmek üçin «görnüş» we «habar» diýen sözleri ulanýar.

Pawlus «üçünji gökde» näme gördi?

Mukaddes Ýazgylarda «gök» diýlende, göni manydaky asman giňişligi göz öňünde tutulýar (Gel. çyk. 11:4; 27:28; Mat. 6:26). Emma «gök» sözi başga manyda hem ulanylýar. Käte ol ynsan hökümetlerini aňladýar (Dan. 4:20—22). Ýa-da bu söz Hudaýyň Patyşalygyna degişli ulanylýar (Ylh. 21:1).

Pawlus «üçünji gögi» görýär. Haýsy manyda? Mukaddes Ýazgylarda bir zadyň artykmaçlygyny ýa-da güýjüni görkezmek üçin, köplenç şol bir zat üç gezek gaýtalanýar (Iş. 6:3; Ezek. 21:27; Ylh. 4:8). Pawlus resul «üçünji gök» diýende, Mesihi Patyşalygy göz öňünde tutan bolmaly. Ol Isa Mesihiň we 144 müň mesh edilenleriň hökümdarlygynyň beýikligi hem-de täsin aýratynlygy barada aýdýar («Ýazgylara düşünmek» kitabyndaky «Gök» diýen sözbaşa serediň). Petrus resulyň aýdyşy ýaly, biz Hudaýyň wadasyna görä «täze göklere» garaşýarys (2 Pet. 3:13).

Onda Pawlusyň agzan «Jenneti» näme?

«Jennet» sözüniň birnäçe manysy bar: 1) Ilkinji ynsanlaryň ýaşan we tizden ýer ýüzünde boljak göni manydaky Jennet; 2) täze dünýäde Hudaýyň halkynyň arasynda boljak ruhy jennet; 3) Ylham 2:7-de agzalýan «Hudaýyň jenneti», ýagny gökdäki gowy şertler (2015-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňine» serediň, sah. 8, abz. 8).

2 Korinfliler 12:4-de Pawlus resul bularyň üçüsini hem göz öňünde tutan bolmagy mümkin.

Gaýtalamak üçin:

2 Korinfliler 12:2-de agzalýan «üçünji gök» «täze gökleri», ýagny Isa Mesihiň we 144 müň mesh edilenleriň höküm sürjek Mesihi Patyşalygyny aňladýar (2 Pet. 3:13).

Oňa «üçünji gök» diýilmeginiň sebäbi, bu Patyşalyk beýik we örän täsin.

Pawlusyň görnüşde gören «Jenneti» 1) ýer ýüzünde boljak Jenneti; 2) häzirki we täze dünýäde boljak ruhy jenneti; 3) «Hudaýyň jennetini», ýagny gökdäki ajaýyp şertleri aňladýar.

Diýmek, täze dünýäde «täze gökler» we «täze ýer» birleşer. Şonda gökdäki Patyşalygyň agzalary we ýer ýüzünde Jennetde ýaşajak adamlar Ýehowa agzybir gulluk eder.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş