Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w19 Iýun sah. 31
  • Gaty açylan gadymy golýazma

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gaty açylan gadymy golýazma
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Meňzeş maglumat
  • Ezekiýel Hudaýyň habaryny wagyz etmekden şatlyk tapýardy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
w19 Iýun sah. 31
Eýn-Gedide tapylan gadymy golýazma; Eýn-Gedide tapylan gaty açylan golýazma

Gaty açylan gadymy golýazma

1970-nji ýylda Eýn-Gedide tapylan bu golýazmany açyp bolmaýardy. Emma ýakynda häzirki zaman tehnologiýanyň kömegi bilen, içinde Lewiler kitabyndan aýatlar getirilýän golýazmany açdylar. Onda Hudaýyň ady duş gelýär.

1970-NJI ýylda arheologlar Öli deňziniň günbatar kenarýakasynda (Eýn-Gedi, Ysraýyl) gazuw-agtaryş işlerini geçirip ýörkäler, bir gadymy golýazma tapýarlar. Bu golýazma takmynan b. e. VI asyryndaky sinagoga degişli bolan bolmaly. Şol wagt bir obany otlanlarynda, sinagogany hem ýakýarlar. Şol sebäpli tapylan golýazma şeýle bir zaýalanypdyr welin, ony açyp, okap hem bolmaýardy. Emma ýakynda häzirki zaman tehnologiýanyň kömegi bilen şol golýazmany açdylar. Şeýle-de alymlar täze döredilen programmanyň kömegi bilen golýazmadaky ýazgyny okap bildiler.

Golýazmada Lewiler kitabynyň ilkinji birnäçe aýady getirilýärdi. Şol aýatlarda Hudaýyň ady tetragrammaton görnüşinde duş gelýär. Ol b. e. I asyrynyň ikinji ýarymyndan, b. e. IV asyryna çenli aralykda ýazylan bolmaly. Bu bolsa onuň içinde Ýewreý ýazgylary duş gelýän Öli deňzinden tapylan gadymy golýazmadygyny subut edýär. Bir gazetde aýdylmagyna görä, «Öli deňzinde (Eýn-Gedide) tapylan we içinde Lewiler kitabyndan aýatlar getirilýän bu golýazma okalýança, Ýewreý ýazgylary duş gelýän başga golýazma tapylmady, ýagny I asyra degişli bu golýazma bilen b. e. X asyrynda Aleppo kodeksiniň ýazylan wagtyna degişli bolan başga golýazmalar duş gelmeýär» («The Jerusalem Post»). Alymlaryň aýtmagyna görä, bu gadymy golýazma masoret tekstiniň «müňlerçe ýyllap üýtgedilmändigini we ýalňyşsyz göçürilendigini» subut edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş