Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/13 sah. 2—3
  • Sen umumy pioner bolup gulluk etmäge taýynmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen umumy pioner bolup gulluk etmäge taýynmy?
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 10/13 sah. 2—3

Sen umumy pioner bolup gulluk etmäge taýynmy?

1 Doganyň ýa-da uýanyň pioner bolup gulluk etmek üçin suwda çokundyrylanyna azyndan alty aý bolmaly we yzygider wagyz etmeli. Pioner her ýyl 840 sagat wagyz etmeli. Şeýle-de ol ahlak taýdan arassa we göreldeli bolmaly (km 3/07 s. 5). Göreldeli bolmak näme? Ýaşulular pioner bolup gulluk etmek isleýän dogan-uýalaryň haýsy häsiýetlerine üns bermeli?

2 Göreldeli bolmak ruhy we beden taýdan arassa bolmagy aňladýar. Pioner bolup gulluk etmek isleýän mesihçi ýygnakda we başga ýerlerde-de göreldeli bolmaly. Ol Ýehowa ak ýürekden we wepaly gulluk etmeli. Onda Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi aýdyň görünmeli. Pioner Patyşalyk barada wagyz etmegi we şägirt taýýarlamagy birinji orunda goýmaly. Ol öýden-öýe wagyzda ökdelik bilen Hudaýyň Sözüni ulanmaly, ikilenç ideg etmeli, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamagy we ony geçirmegi başarmaly. Pionerler wagyz duşuşygy we başga-da duşuşyklar babatda ýaşulular maslahatynyň gelen kararyny goldap, olar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli.

3 Ýaşulular mesihçini kömekçi pioner ýa-da pioner bolmaga teklip etmänkä, oňa düzediş komitetiniň käýinç berenine ýa-da ýygnak gatnaşygyndan kesilip, täzeden ýygnaga kabul edilenine doly bir ýyl geçmeli. Düzediş komiteti mesihçä käbir çäklendirmeler goýan wagty, ondan tä ähli çäklendirmeler aýrylýança, ol pioner bolup gulluk edip bilmeýär.

4 Wagyzçy pioner bolmaga teklip edilmänkä, ondan birnäçe aý kömekçi pioner bolup gulluk etmek talap edilýärmi? Ýok. Emma wagyzçy ilki kömekçi pioner bolup gulluk etse, oňa pioneriň gün tertibine eýermek aňsat bolýar. Ýaşulular pioner bolmak isleýän wagyzçynyň her aý 70 sagat, gulluk ýylynyň ahyrynda bolsa 840 sagat wagyz edip biljekdigine göz ýetirmeli. Guramamyzyň goýan talabyndan başga hiç zady talap etmeli däl.

5 Dogan-uýalar pioner bolup gulluk etmek üçin anketa doldurýar we ony ýaşulular maslahatynyň koordinatoryna berýär. Ýygnagyň gulluk komiteti bolsa, anketa derrew seretmeli. Komitetiň bir ýaşulusy birki hepdelik bir ýere giden bolsa, oňa garaşyp anketany saklamaly däl. Oňa derek başga ýaşuly anketa seredip biler. Eger ýygnagyň gulluk komiteti anketany tassyklasa, ony ibermezden öň, bu barada ýaşulular maslahatyna duýdurmaly. Şonda ähli ýaşulular pionere gözegçilik eder ýaly habarly bolarlar.

6 Ýaşulular wagyzçynyň soňky alty aýda tabşyran ortaça sagadyny pioner gullugy üçin dolduran anketasyna ýazmaly. Ýaşulular pioner bolmak isleýän wagyzçynyň her aý gerekli sagady tabşyryp biljekdigine ynamly bolmaly. Wagyzçynyň soňky alty aýda tabşyran ortaça sagat sany, onuň köp wagtlap şeýle gulluk edip biljekdigini aňlatmaýar. Eger wagyzçy birki aý başga aýlara garanyňda jan edip, has köp wagyz eden bolsa, muny göz öňünde tutmaly. Başgaça aýdanyňda, ýaşulular pioner bolmak isleýän wagyzçynyň alty aýlap wagyz edişi barada umumy maglumaty bilmeli. Wagyzçynyň tabşyran ortaça sagady köp bolup, ýöne gullugy netijesiz bolsa, onda ýaşulular oňa pioner bolmanka, gullugyny gowulandyrar ýaly näme etmelidigini maslahat berip biler. Eger ýaşulular anketany tassyklamasalar, ony filiala ibermejekdigini wagyzça hökman aýtmaly we sebäbini düşündirmeli. Ýaşulular wagyzça talaba laýyk geler ýaly näme etmelidigini maslahat bermeli. Wagtyň geçmegi bilen, ýaşulular wagyzçynyň talaba laýyk gelýändigine doly göz ýetirseler, onda başda dolduran anketasyndaky pioner bolup gulluk edip başlajak senesini düzedip, rugsat berip biler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş