Öýden-öýe dyngysyz wagyz ediň
1 Gadymy Ysraýylda her gün gurban getirilýärdi (Müs. çyk. 29:38—42). Gurbanlyk sypasynyň üstünde hemişe ot ýakylýardy, onuň tüssesi Ýehowa ýakymlydy (Müs. çyk. 29:18). Şu günler bize «Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny... dodaklaryň miwesini hödürlemek» maslahat berilýär (Ýew. 13:15). Biz Kanunda ýazylan gurbanlara derek, Ýehowany dyngysyz şöhratlandyryp, oňa sežde edýäris (Iş. 43:21; Res. iş. 5:42).
2 Beýik Güwäçi Isa Mesih ýer ýüzünde ýaşanda, bize arassa sežde etmegi, ýagny öwgi gurbanyny getirmegi öwretdi. Ol şägirtlerine gaýragoýulmasyz habary wagyz etmegi maslahat berdi. Adamlaryň öýüne baryp, hoş habary wagyz etmegiň iň gowy ýoldugyny Isa bilýärdi (Mat. 10:7, 12). Diýmek, resullar Isanyň tabşyrygyna eýerip, öýden-öýe wagyz edýärdiler (Res. iş. 20:20).
3 Şu günler hem Isanyň şägirtleri onuň göreldesine eýerip, hoş habary öýden-öýe wagyz edýärler. Köp adamlar bize sögýärler we yzarlaýarlar, ýöne muňa garamazdan, millionlarça adamlar hakykaty bildiler hem-de her ýyl ýüzlerçe müň täze şägirtler uly märekä goşulyp, Ýehowanyň öz islegini amala aşyrýandygyny subut edýärler. Şol sebäpli biz erjellik bilen gulluk edýäris.
4 Öýden-öýe wagzyň peýdasy. «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar... her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýär» (Res. iş. 10:34, 35). Meýdançamyzdaky her bir öýe baryp wagyz etsek, ala tutmaýandygymyzy görkezýäris, bu bolsa ähli adamlara Patyşalyk baradaky habary eşitmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de akýürekli adamlaryň her biri özüne gerek kömegi alýar.
5 Wagyzçylaryň ählisi, ýaşlar, garrylar we hatda täze gelenler hem öýden-öýe wagyz edip bilýärler. Şeýdip, ählimiz «gutulyş üçin agyz bilen ykrar edýäris» (Rim. 10:10). Başga wagyzçylar bilen öýden-öýe wagyz etsek, söýgimiz we agzybirligimiz berkeýär. Şeýle-de hoş habara biperwaý garasalar ýa-da garşy çyksalar, bu bize çydamly bolmaga kömek eder. Imanymyzy iş ýüzünde görkezip, biz ähli adamlara «tomaşa bolýarys». Akýürekli adamlar bolsa, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýändigimizi bilip, ony öwrenmäge razy bolarlar (1 Kor. 4:9). Görşümiz ýaly, Ýehowa öýden-öýe wagyz işine ak pata berýär we Ol arassa sežde etmek üçin uly märekäni öz «öýüne» ýygnaýar (Iş. 2:2—4).
6 Häzir adamlaryň Patyşalyk baradaky hoş habary eşitmeginiň tüýs wagty. Geliň, Ýehowa tä bes ediň diýýänçe, öýden-öýe dyngysyz wagyz etmegimizi dowam edeliň (Iş. 6:11). Şu soňky günlerde bu wajyp we hormatly ýumşy ýerine ýetirip, biz uly şatlyk tapýarys (1 Kor. 15:58).