Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/14 sah. 5
  • Ýygnagyň gözegçileri — Toparyň gözegçisi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýygnagyň gözegçileri — Toparyň gözegçisi
  • Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Ýygnagyň gözegçileri — «Garawul diňini» geçirýän dogan
    Hudaýa gullugymyz — 2014
Hudaýa gullugymyz — 2014
km 4/14 sah. 5

Ýygnagyň gözegçileri — Toparyň gözegçisi

1. Toparyň gözegçisi edip kim bellenilýär?

1 Toparyň gözegçisi bolup gulluk etmek ukyply ýaşuly doganlar üçin uly hormatdyr. Topara gözegçilik edýän gulluk hyzmatçylaryna hem «toparyň hyzmatçysy» diýilýär. Toparyndaky dogan-uýalaryň ruhy taýdan aladasyny etmek uly jogapkärçilik bolandygy üçin, dogan şu üç borjy ýerine ýetirmeli.

2. Toparyň gözegçisine ökde mugallym bolmaga näme kömek eder?

2 Ökdelik bilen öwretmek. Toparyň gözegçisi her hepde öwrenilýän zatlara toparyndaky dogan-uýalar dogry düşüner ýaly gowy taýýarlanmaly. Ol geçirilýän material dogan-uýalaryň ählisine peýdaly bolmagy üçin tagalla edýär. Doganyň özi köp düşündirmegiň deregine, käte esasy pikirleri nygtamak üçin goşmaça soraglary berse, ýerlikli bolar. Elbetde, öwrenilýän temany gyzykly we peýdaly etmek hem-de her bir adamy gürrüňdeşlige höweslendirmek aňsat däl. Emma gözegçiniň maksady — dogan-uýalary ruhy taýdan berkitmek, öwrenilýän temanyň peýdasyny nygtamak we materialy olaryň aňyna hem-de ýüregine ýetirmek (1 Sel. 2:13).

3. Toparyň gözegçisi topara nädip çopançylyk edýär?

3 Çopançylyk idegini etmek. Toparyň gözegçisi «ýelden buky, tupandan penadyr» (Iş. 32:2). Ol toparyndaky ähli dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edýär we göwnüçökgünlere teselli berip, ruhy taýdan kömek etmäge çalyşýar (Ezek. 34:15, 16; 1 Sel. 2:7, 8).

4. Wagyz işine yhlasly gatnaşmak näme üçin wajyp?

4 Yhlasly wagyz etmek. Toparyň gözegçisi toparyndaky ähli wagyzçylar gatnaşyp biler ýaly, wagyz gullugy üçin duşuşygyň olara amatly wagtda geçirilmeginiň ýürekden aladasyny edýär. Ol wagyz işine yzygiderli, yhlasly we şatlyk bilen gatnaşsa, toparyndaky wagyzçylara gowy täsir etjekdigine düşünýär (Kol. 4:17; 2 Sel. 3:9). Wagtyň geçmegi bilen, ol toparyndaky her bir wagyzçy bilen wagyz etmäge jan eder. Eger biz wagyzda ökdeleşmek we öwretmek ukybymyzy artdyrmak islesek, toparyň gözegçisi bu babatda kömek eder (1 Tim. 4:16; 2 Tim. 4:5).

5. Biz toparyň gözegçisini nädip goldap bileris?

5 Dogrudan-da, ruhy taýdan kömek etmäge we söýgi bilen goldamaga hemişe taýyn adamlar görnüşindäki sowgatlar biziň üçin uly bereket (1 Sel. 5:14). Geliň, ýygnak duşuşyklaryna we wagyz işine yzygiderli gatnaşyp, Ýehowanyň bellän gözegçilerini goldalyň hem-de minnetdarlygymyzy bildireliň (Ýew. 10:25).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş