Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 8/08 sah. 4
  • «Ebedi ýaşaýyş üçin bellenenlere» kömek et!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ebedi ýaşaýyş üçin bellenenlere» kömek et!
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • Taýýarlyk — üstünlikli ikilenç ideg etmäge kömek edýär
    Hudaýa gullugymyz — 2008
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 8/08 sah. 4

«Ebedi ýaşaýyş üçin bellenenlere» kömek et!

1. Şu günler Ýehowa kimleri ýygnaýar?

1 Ähli adamlaryň garaýşy we höwesi deň bolmaýar (Mat. 12:35). Meselem, Mukaddes Ýazgylarda uruşparaz adamlar barada aýdylýar (Zeb. 55:21). Kimdir biri gaharjaň (Sül. tym. 29:22). Emma «ebedi ýaşaýyş üçin bellenen» adamlar hem bar (Res. iş. 13:48). Şu günler Ýehowa hut şeýle adamlary-da ýygnaýar (Hag. 2:7). Biz şeýle adamlara Ýehowanyň gullukçysy bolmaga nädip kömek edip bileris?

2. Şägirt taýýarlamak ýumşuna näme degişli?

2 Adamlary gaýta-gaýta ideg et. Şägirt taýýarlamak ýumşy ýerine ýetirmek üçin, biz ikilenç ideg etmäge dogry garaýyşda bolmaly (Mat. 28:19, 20). Gyzyklanan adamlaryň höwesini ak ýürek bilen ösdürýärismi? Edebiýat alan ýa-da hoş habar bilen gyzyklanan her bir adamyň öýüne ýene-de barýarysmy? Olara ruhy taýdan ösmäge kömek etmek üçin ýeterlikli tagalla edýärismi? Adamlaryň ýaşaýşy barada gürrüň gidýänligi üçin, olaryň hakykata biraz höwesi bolsa-da, biz ony ösdürmeli.

3. Birine wagyz edenimizden soň näme etmeli?

3 Gyzyklanan adam bilen gepleşeniňden soň, derrew onuň adyny we adresini ýaz. Näme tema barada gürrüň edeniňi, haýsy aýatlary ara alyp maslahatlaşanyňy we nähili edebiýat bereniňi belle. Indi, mümkin boldugyndan, ony derrew ikilenç ideg etmeli.

4. Ikilenç ideg netijeli bolar ýaly näme etmeli?

4 Ikilenç idegi nädip etmeli. Ikilenç ideg etmäge geleniňde, adam bilen ýumşak, dostlukly bolmak we onuň bilen ýürekden gyzyklanmak örän wajyp. Gürrüňdeşligiň sada we Mukaddes Ýazgylara esaslananar ýaly jan et. Mukaddes Ýazgylara esaslanan gyzykly tema barada gürrüňdeş bolmaga öňünden taýýarlan we idegiň soňunda indiki gezek pikir alşar ýaly sorag ber. Mümkin boldugyndan, söhbetdeşiň Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk garaýşyny ýalana çykarjak bolman, eýsem garaýşyňyz deň gelýän zatlar barada köpräk gürrüň et (Kol. 4:6).

5. Bir pioner nähili tagalla etdi we bu näme netije berdi?

5 Ikilenç ideg etmek üçin köp tagalla etmeli bolýar, ýöne bu köplenç gowy netije berýär. Ýaponiýada bir pioner her aýda köpräk ikilenç ideg etmegi maksat edinýär. Ol öýden-öýe wagyz edende, gürrüňdeş bolan adamlaryň ählisi barada ýazyp, soňra ýedi günüň dowaynda olary ikilenç ideg edýärdi. Ol näme diýjekdigi barada gowy taýýarlanýardy we aýdýan habarynyň adamlar üçin wajypdygyny unutmazlyga çalyşýardy. Şeýle idegiň birinde, ol bir adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlaýar. Ol adam şeýle diýýär: «Men öň siziňkilere hiç haçan gulak asmaýardym. Birinji gezek men Ýehowanyň Güwäçisini diňledim». Pioneriň tagallasy gowy netije berdi. Ol aýyň ahyrynda on sany Mukaddes Ýazgylar okuwy barada hasabat tabşyrdy.

6. Näme üçin biz adamlaryň öýüne gaýta-gaýta barmaly?

6 Adamlaryň durmuş ýagdaýy hemişe üýtgäp durýar (1 Kor. 7:31). Gyzyklanýan adamlary köplenç birnäçe gezek ideg edenden soň, öýünde tapyp bolýar. Muňa garamazdan, eger biz adamlary gaýta-gaýta ideg etsek, «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenlere» «ýaşaýşa getirýän... ýoly» tapmaga kömek ederis (Mat. 7:13, 14).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş