Adamlara Hudaýa «ýürekden boýun bolmaga» kömek et
1. Ýehowa gullukçylaryndan näme talap edýär?
1 Ýehowa isleýşi ýaly sežde etmek üçin gulak asmak örän wajyp (Kanun. 12:28; 1 Pet. 1:14—16). Tizden Ýehowa «Hudaýy tanamaýanlary, Özi baradaky Hoş Habara uýmaýanlary» höküm eder (2 Sel. 1:8). Biz adamlara Hudaýyň Sözündäki taglymata «ýürekden boýun bolmaga» nädip kömek edip bileris? (Rim. 6:17).
2. Adamlara imanyny berkitmäge kömek etmek näme üçin wajyp?
2 Imany we söýgini berkitmäge kömek etmek: Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, Hudaýa boýun bolmak iman bilen berk baglanyşykly. Pawlus resul: «Ebedi Hudaýyň buýrugy bilen... imana boýun bolmak» barada aýdýar (Rim. 14:25). Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda agzalan adamlar iman edip, Ýehowanyň islegine görä ýaşadylar (Ýew. 11:7, 8, 17). Munuň tersine, Hudaýa gulak asmazlyk imansyzlyk hasaplanýar (Ýahýa 3:36, TD; Ýew. 3:18, 19). Biz adamlara Ýehowa boýun boldurýan imany ösdürmäge kömek etmek üçin Hudaýyň sözüni ökde ulanmagy öwrenmeli (2 Tim. 2:15; Ýakup 2:14, 17).
3. a) Hudaýa boýun bolmagyň söýgi bilen näme baglanyşygy bar? b) Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlara Ýehowa söýgüsini artdyrmaga nädip kömek edip bileris?
3 Şeýle hem Hudaýa boýun bolmak oňa bolan söýgi bilen berk baglanyşykly (Kanun. 5:10; 11:1, 22; 30:16). 1 Ýahýa 5:3-de şeýle diýilýär: «Çünki Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir». Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlara Ýehowa söýgüsini artdyrmaga nädip kömek edip bileris? Mukaddes Ýazgylary öwredýän wagtyň, olara Ýehowanyň häsiýetleriniň gadyryny bilmegi öwret. Hudaýa bolan çuňňur minnetdarlygyňy hemişe aýdyp dur. Gyzyklanýan adama Ýehowa bilen gatnaşygyny özbaşdak ösdürmäge kömek et. Şeýlelikde, esasan, Ýehowa bolan söýgi olara-da, bize-de Hudaýa ýürekden boýun bolmaga kömek eder (Mat. 22:37).
4. a) Öz göreldämiz näme üçin wajyp? b) Biz nädip «akyldar ýürekli» bolup bileris?
4 Öz göreldämiz: Öz göreldämiz bilen adamlary hoş habara gulak asmaga höweslendirip bileris. Emma «akyldar ýürekli» bolmak üçin biz hemişe jan etmeli (3 Pat. 3:9; Sül. tym. 4:23). Muňa näme degişli? Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenip we ýygnaklara gatnaşyp, ýüregiňi ruhy taýdan iýmitlendirmeli (Zeb. 1:1, 2; Ýew. 10:24, 25). Ýürekden hakyky sežde edýän adamlar bilen gatnaşyk et (Sül. tym. 13:20). Ýaşaýan ýeriňdäki adamlara ýürekden kömek etmek üçin hemişe wagyz et. Ýehowa doga edip, ýüregiňi gowy etmäge kömek etmegi haýyş et (Zeb. 86:11). Ýüregiňi azdyrýan ahlaksyz ýa-da zorlukly göwün açmalardan gaça durmaly. Ýehowa ýakynlaşmaga hem-de aragatnaşygyňy berkitmäge kömek edýän zatlary etjek bol (Ýakup 4:7, 8).
5. Hudaý boýun bolanlara nähili bereket berýär?
5 Ýehowa halkyna sözüne gulak assa, artygy bilen bereket berjekdigini aýdypdy (Kanun. 28:1, 2). Şu günler hem Ýehowa «Özüne boýun bolanlara» bol bereket berýär (Res. iş. 5:32). Şol sebäpli, geliň, öwredýän taglymatlarymyz we göreldämiz bilen adamlara Hudaýa «ýürekden boýun bolmaga» kömek edeliň.