Teokratiki gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 24-den başlanýan hepdede geçiriljek Teokratiki gulluk mekdebinde şu sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2006-njy ýylyň Nowruz aýynyň 6-dan Gurbansoltan aýynyň 24-i aralygynda geçilen material boýunça 30 minudyň dowamynda geçilenleri gaýtalar [Bellik: Eger-de sowalyň soňunda hiçi hili salgy berilmedik bolsa, onda seniň özüň şol temany öwrenip, jogabyny tapmaly bolarsyň (Seret: «Gulluk mekdebi», s. 36, 37)].
DILEWARLYK
1. Öwredýän wagtymyz bir pikirden başga pikire geçenimizde, näme üçin pauza goýmaly we muňa näme päsgel berip biler? (2, be-U s. 98, abz. 2, 3).
2. Wagyz edenimizde, pauza goýmak näme üçin wajyp? (3, be-U c. 99, abz. 5— s. 100, abz. 4).
3. Doklad bilen çykyş edeniňde, logiki basym goýmak näme üçin wajyp we ony nädip dogry goýmaly? (4, be-U s. 101, abz. 1— s. 102, abz. 1; çarçuwa).
4. Daşyňdan okanyňda, esasy pikirleri nädip belläp geçmeli? (6, be-U c. 105, abz. 1—6).
5. Öwredenimizde, sesiň güýji näme üçin wajyp hem-de ony dogry kesgitlemäge näme kömek edýär? (7, be-U s. 107, abz. 1— s. 108, abz. 5).
1-NJI ÝUMUŞ
6. Häzirki mesihçileriň ýagdaýy bilen Esteriň we Mordekaýyň ýagdaýynyň näme meňzeşligi bar hem-de biz olardan nädip görelde alyp bileris? (1, bsi06-U s. 11, abz. 17).
7. Süleýman: «Ähli zat puç we ýeliň yzyndan kowalamak» diýmek bilen näme diýjek boldy? (Wag. 2:11) (3, w04-U 15.10. s. 4, abz. 3, 4).
8. Hudaýa söýgimizi nädip ösdürip bileris? (Mar. 12:30) (5, w04-U 1.3. s. 19—21).
9. Ruhy baýlyk bilen maddy baýlygyň näme tapawudy bar? (6, w04-U 15.10. s. 5—7).
10. Kongreslerde ünsli diňlemäge näme kömek edýär? (7, be-U s. 15, 16).
MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDE OKAMAK
11. Hamanyň ýüzüni näme üçin ýapdylar? (Est. 7:8).
12. Elifazyň düşünjesine nähili ruh täsir etdi? (Eýýup 4:15, 16) (2, w05-U 15.9. s. 26, abz. 2).
13. Eýýup 7:9, 10 we 10:21-nji aýatlarda ýazylan Eýýubyň sözleri direlişe ynanmandygyny aňladýarmy?
14. Eýýubyň: «Dişimiň derisi bilen gaçyp gutuldym» diýen sözleri näme aňladýar? (Eýýup 19:20).
15. Eýýubyň: «Aýypsyzlygymy özümden aýyrmaryn» diýen sözleri näme aňladýar we biz mundan näme öwrenip bileris? (Eýýup 27:5).