Teokratiki gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2006-njy ýylyň Alp Arslan aýynyň 28-inde başlanýan hepdede geçiriljek Teokratiki gulluk mekdebinde şu sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2006-njy ýylyň Gorkut aýynyň 3-inden Alp Arslan aýynyň 28-i aralygynda geçilen material boýunça, 30 minudyň dowamynda geçilenleri gaýtalar [Bellik: Eger-de sowalyň soňunda hiç hili salgy berilmedik bolsa, onda seniň özüň şol temany öwrenip, jogabyny tapmaly bolarsyň (Seret: «Gulluk mekdebi», s. 36, 37)].
DILEWARLYK
1. Nazaryňy dikmek ökde mugallym bolmaga nädip kömek edýär? (Mat. 19:25, 26; Res. iş. 14:9, 10) (be-U s. 124, abz. 3— s. 125, abz. 3).
2. Näme üçin özüňi erkin alyp barmaly we wagyz gullugynda özümizi erkin alyp barmaga näme kömek eder? (be-U c. 128, abz. 1—5).
3. Biz näme üçin arassa we päkize bolmaly? (be-U s. 131, abz. 1—3).
4. Biziň daşky keşbimiz «haýa we salykatlylygy» nädip görkezip biler? (1 Tim. 2:9) (be-U s. 131, abz. 4— s. 132, abz. 1).
5. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy prinsipleri ulansak, biziň daşky keşbimizde bu dünýä bolan söýgi görünmez? (be-U s. 133, abz. 2, 3).
1-NJI ÝUMUŞ
6. Okamakda nähili uly peýda bar? (be-U s. 21, abz. 3).
7. Adamyň akyllydygyny ýa-da akylsyzdygyny näme görkezýär? (Sül. tym. 14:2) (w04-U 15.11 s. 26, abz. 5).
8. Näme üçin «düşünjeli adama... bilim aňsatdyr»? (Sül. tym. 14:6) (w04-U 15.11 s. 28, abz. 4, 5).
9. Okuw näme? (be-U s. 27, abz. 3).
10. Ýehowanyň ýaradan zatlary barada pikirlenenimizde, bize nähili täsir etmeli? (w04-U 15.11 s. 8, abz. 4).
MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDEDE OKAMAK
11. Geçmişde Ýehowa näme «söz berdi», netijede «hoş habary jar edýän aýallar uly goşun» boldy we bu sözler şu günler nädip ýerine ýetýär? (Zeb. 68:11, TD).
12. Asaf näme sebäpden tas hak ýoldan dänipdi, soňra onuň aklyna aýlanmagyna näme kömek etdi? (Zeb. 73:2, 3, 16).
13. Näme üçin ysraýyllylara berlen manna «gökleriň gallasy» we «perişdeleriň çöregi» diýilýär? (Zeb. 78:24, 25).
14. «Beýigiň gizlin ýeri» nämäni aňladýar we biz ol ýerde nädip «mesgen tutup» bileris? (Zeb. 91:1, 2).
15. Haýsy manyda «takwalarynyň ölümi Rebbiň nazarynda gymmatly»? (Zeb. 116:15).