Teokratiki gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2007-nji ýylyň Baýdak aýynyň 26-synda başlanýan hepdede geçiriljek Teokratiki guluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2007-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden Baýdak aýynyň 26-sy aralygynda geçilen materily 30 minudyň dowamynda gaýtalamaly. (Bellik: Eger sowalyň soňunda hiç hili salgy berilmedik bolsa, jogabyny tapmak üçin özbaşdak gözleg geçir. «Gulluk mekdebi» (rusça) diýen kitabyň 36, 37-nji sah. seret).
SAPAK
1. Materialyň durmuşda ulanylşyny haçan we nädip aýtmaly? (be-U s. 158, abz. 2—4)
2. Wagyz edenimizde adama aýdýan sözlerimiziň peýdaly taraplaryny näme üçin we nädip görkezmeli? (be-U s. 159, abz. 3, 4)
3. Näme üçin dogry söz tapmak wajyp? (be-U s. 160)
4. Dürli sözleri dogry ulanmaga bize näme kömek eder? (be-U s. 161, abz. 5, 6; s. 162 abz. 1, 4)
5. Meýilnamany ýadyňda saklap ýa-da ýazyp çykyş etmegiň nähili peýdaly taraplary bar? (be-U s. 166, abz. 1—3)
No.1 ÝUMUŞ
6. Sesli okamaga nädip taýýarlanmaly? (be-U s. 43, abz. 2, 4)
7. Biz özümizde ýagşylyga bolan Ýehowanyň söýgüsini we ýamanlyga bolan ýigrençligini ösdürsek näme üçin peýdaly? (Ýew. 5:14, w05-U 1.1, s. 9, abz. 11)
8. Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, Hudaýyň adalatly we dogry hereket edýändigine şübhelensek, nämäni ýada salmaly? (w05-U 1.2. s. 24, abz. 7)
9. Adamlaryň kanuny Hudaýyň kanunyna garşy gelende biz näme etmeli? (w05-U 15.4. s. 12, abz. 9)
10. Işaýa pygamber nädip Isa Mesihiň patyşa boljakdygyna we ondan öň gelen Ýahýa çokundyryja ünsüňi çekýär? (bsi06-U s. 32, abz. 35)
MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDE OKAMAK
11. Işaýa 25:7-däki «örtgi» nämäni aňladýar?
12. Adamlar nädip Ýehowany «görüp» we «eşidip» bileýär? (Işaýa 30:20, 21)
13. Hakykat ýa-da ýalan: Işaýa 38:3-de, Hizkiýa dogasyny diňe bir ömrüni uzaltjak bolup etdimi?
14. Ysraýyllylar Ýehowanyň güwäçileri hökmünde nädip gulluk edip bilýärdiler, biz olaryň göreldesine nädip eýerip bileris? (Işaýa 43:10)
15. Işaýa 52:11, 12-nji aýatlardaky nusga laýyklykda «Ýehowanyň gaplaryny» götermek üçin näme talap edilýär?