Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2007-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 27-inde başlanýan hepdede geçiriljek Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2007-nji ýylyň Gorkut aýynyň 2-sinden Alp Arslan aýynyň 27-i aralygynda geçilen materialy 30 minudyň dowamynda gaýtalamaly. [Bellik: Eger sowalyň soňunda hiç hili salgy berilmedik bolsa, jogabyny tapmak üçin özbaşdak gözleg geçir. «Gulluk mekdebi» (rusça) diýen kitabyň 36, 37-nji sah. seret].
DILEWARLYK
1. Biz wagyz gullugynda we ýygnak duşuşygynda adamlary hormatlaýandygymyzy nädip görkezip bileris? (be-U sah. 192, abz. 6—8).
2. Ynamly geplemäge näme kömek eder? (be-U sah. 195, abz. 4— sah. 196, abz. 2).
3. Sypaýyçylykly wagyz etmäge haýsy maslahatlar kömek eder? (be-U sah. 198, abz. 1— sah. 199, abz. 1).
4. Sypaýyçylyk nädip öz wagtynda geplemäge ýardam edýär? (Sül. tym. 25:11) (be-U sah. 199, abz. 2—4).
5. Nutk bilen çykyş edende, tankydy däl ýagdaýda geplemäge näme kömek eder? (be-U sah. 203, abz. 2—204, abz. 1).
No.1 ÝUMUŞ
6. Ezekiýel kitabynyň ýazylyşy, kanona degişlidigi we dogrulygy hakda näme diýse bolar? (bsi07 sah. 6, 7, abz. 3).
7. Adalatsyzlyga döz gelmek üçin haýsy häsiýet talap edilýär? (w05-U 1.6. sah. 29, abz. 4).
8. Direliş barada soran saddukeýlere Isanyň beren jogabyndan näme öwrenýäris? (Luka 20:37, 38) (be-U sah. 66, abz. 4).
9. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam, dogan ýa-da uýa haýsydyr bir ýagdaýda özüňi nähili alyp barmaly diýip sorasa nädip jogap bermeli? (be-U sah. 69, abz. 4— sah. 70, abz. 1).
10. «Pikirleriň ruhunda täzelenmek» nämäni aňladýar? (Efes. 4:23) (be-U sah. 74, abz. 4).
MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDEDE OKAMAK
11. Ezekiýel 9:2—4-nji aýatlardaky zygyr matadan eşik geýen adam kimi aňladýar we «maňlaýyna goýlan bellik» nämäni görkezýär? (w00-U 1.1. sah. 11, abz. 3; wt sah. 124, abz. 10).
12. Hristian dünýäsiniň dini ýolbaşçylary haýsy manyda Hekeziýel 13:3-däki «öz ruhy bilen ýöreýän akylsyz pygamberlere» meňzeýärler? (w99-U 1.10. sah. 13).
13. Ezekiýel 18:2-däki nakyla salgylanmak bilen ysraýyllylaryň maksady nämedi we jogapkärçilik barada nähili sapak edinýäris? (w89-U 15.2. sah. 15, abz. 10 [w-E 15.9. sah. 18, abz. 10]).
14. Gazanyň posy nämäni aňladýar? (Ezek. 24:6—24) (Alp Arslan aýynyň 6-sy, w07 1.7. sah. 6).
15. «Äjit-mäjit» kim we ol haçan Ýehowanyň halkyny ýok etmäge girişer? (Ezek. 38:2, 16) (w97-U 1.3. sah. 14, 15, abz. 1—3).