Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/07 sah. 7
  • Sowally bukja

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sowally bukja
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Siz ruhy iýmiti «wagtly-wagtynda» alýarmysyňyz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • 2-nji bölümdäki salgylar
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • 1-nji bölümdäki salgylar
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 9/07 sah. 7

Sowally bukja

◼ «Sadyk hem akylly hyzmatkär» Mukaddes Ýazgylary gözleg geçirýän we ony ara alyp maslahatlaşýan Güwäçileriň özbaşdak toparlaryny makullaýarmy? (Mat. 24:45, 47)

Ýok, makullamaýar. Emma biziň guramamyzyň käbir agzalary Mukaddes Ýazgylar bilen bagly mowzuklary gözleg geçirmek üçin dürli döwletlerde aýratyn toparlary gurady. Käbir toparlar «Täze Dünýä terjimäniň» dogrulygyny barlamak üçin ýewreý we grek dilindäki Mukaddes Ýazgylary öwrenýärler. Başgalary bolsa Mukaddes Ýazgylar bilen bagly ylmy meselelere seredýärler. Olar garaýyşlaryny ara alyp maslahatlaşmak we pikir alyşmak üçin internet sahypalaryny, çat ýa-da bildiriş tagtasyny açýarlar, duşuşyk geçirýärler, edebiýatlary neşir edýärler. Edebiýatlarda barlag esasynda gelen netijelerini hem-de ýygnak duşuşyklarymyzda we edebiýatlarymyzda aýdylýan zatlardan başga goşmaça maglumatlary teklip edýärler.

Bütin dünýäde Ýehowanyň halky bol ruhy görkezme alyp, ýygnaklarda, kongreslerde we Ýehowanyň guramasynyň çap edýän edebiýatlary arkaly ruhlanýarlar. Mukaddes ruhuň görkezmesi we hakykat Sözi arkaly Ýehowa gerekli zatlar bilen üpjün edýär, netijede, onuň halky «bir pikirde we raýda birleşip», «imanda berkeýär» (1 Kor. 1:10; Kol. 2:6, 7). Biz şu soňky günlerde Ýehowanyň ruhy zatlar bilen üpjün edýändigine minnetdar. Şoňa görä-de, «akylly hem sadyk hyzmatkär» başga biriniň teklip edýän edebiýatlaryny, ýygnaklaryny ýa-da internet sahypalaryny makullamaýar (Mat. 24:45—47).

Akyl ýetiriş ukybyny hoş habary ýaýratmak üçin ulanmak isleýän adamlar öwgä mynasyp. Emma hiç bir geçirilýän gözlegler Isa Mesihiň şu günler öz ýygnagy arkaly ýer ýüzünde edýän işlerinden sowmaly däl. Birinji asyrda Pawlus resul halys ediji we wagtyňy alýan zatlar barada şeýle duýduryş berdi: «Tükeniksiz nesil şejerelerinden el götersin. Bu zatlar Hudaýyň imana daýanan işine peýda bermekden köp, jedellere sebäp bolýandyr» (1 Tim. 1:3—7). Ähli mesihçiler «boş jedellerden, nesil şejereleri we Mukaddes Kanun hakdaky çekişmelerden hem-de dawalardan çekilmeli. Çünki bular peýdasyz, biderek zatlardyr» (Titus 3:9).

Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, gözleg geçirmek isleýän adamlara biz «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), «Ýazgylaryň hemmesi ynama mynasyp we peýdaly» (iňl.) hem-de Mukaddes Ýazgylardaky Daniýel, Işaýa we Ylham kitaplarynyň pygamberliklerini düşündirýän edebiýatlary öwrenmegi teklip edýäris. Bu edebiýatlar Mukaddes Ýazgylary öwrenip, olar barada oýlanmak üçin baý mowzuklar bilen üpjün edilen, netijede, biz «bütin akyldarlyk we ruhy düşünjede Hudaýyň isleginiň bilimi bilen dolup,.. Rebbe mynasyp ýagdaýda gezip, Ony her babatda hoşnut ederis, her oňat işde miwe berip, Hudaýy tanamakda öseris» (Kol. 1:9, 10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş