Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/07 sah. 1
  • Garyplara umyt beriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Garyplara umyt beriň
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 10/07 sah. 1

Garyplara umyt beriň

1 Isa garyplar barada aýratyn alada edýärdi. Ol adamlary gerek zatlary bilen üpjün edip, kesellileri sagaltmak üçin gudrat edýärdi, emma onuň üçin esasy zat garyplara «Hoş habary» wagyz etmekdi (Mat. 11:5). Biziň hem şu günki gullugymyz adamlara, şol sanda garyplara-da peýda getirýär (Mat. 24:14; 28:19, 20).

2 Hakyky umyt. Dini ýolbaşçylar garyplara buthana jomartlyk bilen sadaka berseler, maddy taýdan üpjün bolarsyňyz diýip söz berýärler. Emma Mukaddes Ýazgylara görä, diňe Hudaýyň Patyşalygy ýetmezçiligiň soňuna çykyp, adamzadyň ähli kynçylyklaryny çözer (Zeb. 9:18; 145:16; Iş. 65:21—23). Biz garyplara Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini görkezip, olara umyt berýäris we ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek edýäris (Mat. 5:3).

3 Isanyň döwründe fariseýler garyplara göwnüýetmezçilik bilen seredýärdiler, olara ýigrenç bilen am-haares, ýagny «ýer adamlary» diýýärdiler. Emma Isa «olaryň ganyny», ýagny janyny «gymmat» hasaplaýardy (Zeb. 72:13, 14). Biz Isadan görelde alyp, garyplara «rehim edip», mähir we duýgudaşlyk bildirip bileris (Sül. tym. 14:31). Biz garyp ýaşaýan adamlara äsgermezlik bilen garamarys ýa-da olara wagyz edende, höwessiz etmeris. Köplenç Patyşalyk baradaky habara girdejisi çäkli adamlar seslenýär.

4 Häzir kömek et. Biz garyplara Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri öwredende, olaryň maddy ýagdaýyny gowulandyrmaga kömek edýäris. Meselem, Mukaddes Ýazgylar arakkeşligi, humarly oýunlary, ýaltalygy, çilim çekmekligi we garyplyga eltýän başga-da erbet işleri ýazgarýar (Sül. tym. 6:10, 11; 23:21; 2 Kor. 7:1; Efes. 5:5). Ýazgylar sap ynsap bilen we «ýürekden» işlemäge çagyrýar, çünki şeýle häsiýetli işçiler talap edilýär (Kol. 3:22—24; Ýew. 13:18). Bir maglumata görä, işe kabul edýänleriň köpüsi halal we dogruçyl adamlary ileri tutýarlar.

5 Ýehowa garyplaryň çekýän horlugyna biperwaý garamaýar. Tizden Isa Mesih «perýat eden mätäji, kömekçisi ýok garyby halas eder» (Zeb. 72:12). Şoňa çenli biz Mukaddes Ýazgylardaky umyt berýän habar bilen adamlara, şol sanda garyplara teselli berip bileris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş