Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2007-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-inde başlanýan hepdede geçiriljek Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2007-nji ýylyň Sanjar aýynyň 5-inden Bitaraplyk aýynyň 31-i aralygynda geçilen material boýunça, 30 minudyň dowamynda geçilenleri gaýtalamaly. Bellik: Eger-de sowalyň soňunda hiç hili salgy berilmedik bolsa, jogabyny tapmak üçin özüňiz şol temany öwrenmeli bolarsyňyz. («Gulluk mekdebi» (rusça) diýen kitabyň 36, 37-nji sah. seret.)
DILEWARLYK
1. Netijeli tamamlamak üçin nämäni ýatda saklamaly? (be-U sah. 220, abz. 4— sah. 221, sah. 3).
2. Wagyz gullugynda dogry we anyk maglumaty nädip bermeli? (be-U sah. 223, abz. 2—4).
3. Ýygnak duşuşyklarynda çykyş edende, «hakykatyň diregi hem daýanjy» hökmünde ýygnaga çuňňur hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris? (1 Tim. 3:15) (be-U sah. 224, abz. 1—4).
4. Maglumatyň dogrudygyny barlamak näme üçin wajyp we ony nädip edip bileris? (be-U sah. 225, abz. 1, 2).
5. Düşünmek ýeňil bolar ýaly okuw materialy nädip aýtmaly? (be-U sah. 226, abz. 3— sah. 227, abz. 1).
No.1 ÝUMUŞ
6. Ýunus baradaky wakanyň hakykatdygyny näme subut edýär? (bsi07 sah. 18, abz. 3).
7. Mikanyň pygamberliginde Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astyndaky Hudaýyň Patyşalygy barada näme aýdylýar? (bsi07 sah. 21, abz. 18).
8. Habakkuk kitabynyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna näme güwä geçýär? (bsi07 sah. 24, abz. 4).
9. Näme üçin b. e. öň 520-nji ýylda ýehudylar sürgünden näme maksat bilen boşanyny henizem ýerine ýetirmediler diýse bolar? (Hag. 1:4) (bsi07 sah. 27, abz. 3).
10. Zakarýa haýsy beýik gün barada ençeme gezek aýdýar? (bsi07 sah. 30, abz. 26).
MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDEDE OKAMAK
11. Mör-möjekleriň çozuşy hakdaky Ýoweliň pygamberligi birinji asyrda nädip ýerine ýetdi we şu günler nähili ýerine ýetýär? (Ýowel 2:1—10, 28) (w07 1. 10. «Ýehowanyň Sözi diri. Ýowel we Amos kitabynda peýdaly pikirler»).
12. «Tomusky ir-iýmişli sebet» nämäni aňladýar? (Amos 8:1, 2) (w07 1. 10. «Ýehowanyň Sözi diri. Ýowel we Amos kitabyndan peýdaly pikirler»).
13. Ýehowa «ninewiýalylaryň başyna betbagtçylyk iberjegine ökündi» diýildigi näme aňladýar we bu bize nähili täsir etmeli? (Ýunus 3:10) (w03-U 15. 7. sah. 17, 18).
14. Ýehowanyň ady bilen ýöremek näme aňladýar? (Mika 4:5) (w03-U 15. 8. sah. 17—19).
15. Biziň günlerimizde Ýehowa höküm etmek üçin haçan we nädip öz «ybadathanasyna» geldi? (Mal. 3:1—3) (re-U sah. 32, çarçuwa; jd-E sah. 179, abz. 3— sah. 181, abz. 6).